Dün­ýä­de elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag­lar hem-de uç­ýan tak­si­le­riň önüm­çi­li­gi ba­bat­da köp iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ugur­da Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volocop­ter» kom­pa­ni­ýa­sy hem «VoloCity» at­ly uç­ýan tak­si­si­ni iş­läp taý­ýar­la­dy. Bu uç­ýan tak­si 2 ýo­lag­ça ni­ýet­le­nen­dir. Ol ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Hel­sin­ki ho­wa men­zi­lin­de sy­nag edi­lip­di.
10 ýyl­dan bä­ri iş­le­nip dü­zül­ýän bu ulagyň hereket etmegi üçin ze­rur bo­lan rug­sat­na­ma­lar al­nan­dan soň­ra ýo­lag­çy­la­ra hyz­mat edip baş­lar. Nemes kom­pa­ni­ýa­sy tas­la­ma­nyň işi­niň iler­le­dil­ýän­di­gi­ni gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len elekt­rik­li uç­ýan tak­si­si­niň il­kin­ji pe­tek­le­ri­ni sa­tu­wa çy­kar­dy. Tak­my­nan, 15 mi­nut­lyk uçuş üçin 300 ýew­ro nyrh kes­git­len­di. Her bir ýo­lag­ça bu sy­ýa­ha­ty bi­len bag­la­ny­şyk­ly wi­deo şe­kil­le­ri­niň gö­çür­me­si hem-de ýö­ri­te şa­ha­dat­na­ma ber­ler. Kom­pa­ni­ýa­nyň söwda maksatly il­kin­ji gat­naw­la­ry­nyň öňü­miz­dä­ki 2 ýy­lyň do­wa­myn­da ama­la aşy­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu uç­ýan tak­si­ler sa­gat­da 110 ki­lo­metr tiz­li­ge eýe bo­lup, 35 ki­lo­metr ara­ly­gy­na çen­li uçup bil­ýär. Umu­man, ony şä­her­ler­de ulan­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Ula­g Ýew­ro­pa ra­ýat awia­si­ýa howp­suz­lyk agent­li­gi­niň howp­suz­lyk ül­ňü­le­ri­ne do­ly ga­bat gel­ýär.

Be­zir­gen HO­JA­GEL­DI­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.