Koreýa Respublikasynyň «Samsung» kompaniýasy, esasan hem, özüniň tehnologik enjamlary bilen tanalýar. Ýöne kompaniýanyň başga ugurlardaky önümçiligi hem yzygiderli ýokarlandyrylýar. Kompaniýa farmasewtika, ýagny derman önümçiliginde hem bäsdeşlige ukyply önümçilik etmegi meýilleşdirýär. Bu babatda 2 milliard dollara barabar maýa goýum özleşdirilip, şu ýylyň ahyrynda dünýäniň iň uly derman önümçilik kärhanalarynyň birine öwrüler.
Koreý kompaniýasy saglyk ulgamyndaky ösüşleri nazarlap, biofarmasewtika ugruna has köp ähmiýet bermegi meýilleşdirýär. Täze guruljak zawod «Super plant» diýlip atlandyrylyp, «Samsung» kompaniýasynyň «Samsung BioLogics Co.» Biofarmasewtika düzüminiň dördünji uly kärhanasyna öwrüler. Ol 230 müň inedördül meýdany eýeläp, ozalky 3 sany kärhananyň umumy meýdanyndan hem uly bolar.
«Samsung»-yň maksady dünýäde derman önümçiliginiň ösüş ugrundan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Bu kompaniýa dünýä belli şereketler üçin biologik serişdeleri öndürýär.