Köp adam­la­ryň ün­sü­ni çek­ýän ne­şir­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýan Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň 2021-nji ýyl­da­ky ne­şi­ri çapda­n çyk­dy. Onuň sa­hy­pa­la­ryn­da köp san­ly re­kord­lar, gy­zyk­ly wa­ka­lar jem­le­nen­dir. Şo­la­ryň kä­bi­ri­ni sa­nap geç­mek has gy­zyk­ly bol­sa ge­rek.
Ang­li­ýa­nyň Hemp­şir şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy iň gys­ga boý­ly aw­to­bus sü­rü­ji­si hök­mün­de bu ne­şir­de orun al­dy. Bo­ýy 137,2 sm-e ýetýän Frenk Fa­ik Ha­şem 20 ýyl­dan bä­ri aw­to­bus sü­rü­ji­si bolup işleýär. 57 ýa­şyn­da­ky Frenkiň as­ly yrak­ly­ bolup, öý­le­nen we 2 ça­ga­nyň ata­sy­dyr. Ol sür­ýän aw­to­bu­sy­ny özü­niň bo­ýu­na gö­rä ýa­sa­dyp­dyr. Ol şeý­le ab­raý­ly ne­şir­de orun al­ma­gy­nyň özi üçin ruh­lan­dy­ry­jy bo­lan­dy­gy­ny, iş­le­rin­de oňa tä­ze yl­ham ber­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Şeý­le hem beý­le­ki re­kord­la­ryň ha­ta­ryn­da Mar­ko Jor­juň hem ady bar­dyr. Ol mo­to­sikl bi­len sa­gat­da 122,59 ki­lo­metr­ tiz­li­ge ýe­tip, iň ýo­ka­ry tiz­li­giň eýe­si bol­dy.
Munda­n baş­ga-da, bu ne­şi­riň sa­hy­pa­la­ryn­da orun alan­la­ryň bi­ri-de ni­ge­ri­ýa­ly Eçe Çi­non­so­dyr. Ol ke­lle­si bi­len fut­bol pök­gü­si­ni 111 ge­zek ýe­re ­gaçyr­man ur­ma­gy bi­len re­kor­dyň eýe­si bol­dy.
Ko­lum­bi­ýa­nyň Bo­go­ta şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy Ed­ward Ni­no Her­nan­des bol­sa, iň ki­çi boý­ly adam, ýag­ny 72,1 san­ti­metr­ bo­ýy bi­len re­kord­lar ki­ta­byn­da orun al­dy.
2021-nji ýyl­da­ky Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by, adam­la­ryň dür­li üs­tün­lik­le­ri, üýt­ge­şik iş­le­ri we tä­sin­lik­le­ri jem­le­nen 66-njy ne­şiri bol­dy.

Hüýr­je­mal ORAZ­MU­HAM­ME­DO­WA,
S.A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.