Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ösüşiň täze belentlikleriniň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan ähli maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tapgyrlaýyn ýagdaýda amala aşyrylýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda eziz Watanymyzyň tanalmaz derejede ösmegi, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleriň has-da artmagy dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär.

Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň or­ny has hem ýo­ka­ry de­re­je­le­re gö­te­ril­ýär. Bu gün­ki gün ulag pu­da­gy dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­me­gi şert­len­di­ren ýag­daý­la­ryň bi­ri bo­lup, dün­ýä­niň se­bit­le­ri­ni we yk­lym­la­ry­ny bir­leş­di­ri­ji güý­je öw­rül­di. Bag­ty­ýar­lyk za­ma­na­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry we ta­gal­la­la­ry bi­len ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek ar­ka­ly Mer­ke­zi Azi­ýa­ny se­bit äh­mi­ýet­li iri üs­ta­şyr ge­çi­riş çat­ry­gy­na öwür­mek bo­ýun­ça uly möç­ber­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bilen Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyl­lar­da ge­çi­ri­len mej­lis­le­rin­de dur­nuk­ly ulag ul­ga­my bo­ýun­ça ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­lar ka­bul edil­di. 2016-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da bol­sa Aş­ga­bat­da BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da bu ugur bo­ýun­ça bi­rin­ji Äh­lu­mu­my hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. Ýa­kyn gel­jek­de ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de hem ulag ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­re ga­ra­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da ulag ul­ga­my­na aý­ra­tyn orun de­giş­lidir. Döw­let Baştutanymyzyň bu ugur­da öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry we ne­ti­je­li tek­lip­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň gol­da­wa eýe bol­ýar.
Ulag ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň çäk­le­rin­de Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň mi­nistr­le­ri­niň mej­li­si­ni ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu iri fo­ru­my BMG bi­len bi­le­lik­de 2021-nji ýyl­da bi­ziň ýur­du­myz­da ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le hem BMG-niň se­bit ko­mis­si­ýa­la­ry, şol san­da Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy hem-de Azi­ýa we Ýu­waş um­ma­ny bo­ýun­ça yk­dy­sa­dy we dur­muş ko­mis­si­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň ägirt uly äh­mi­ýe­ti bar­dyr. 2020-nji ýy­lyň 29-njy sent­ýab­ryn­da bu dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­de ulag me­se­le­si­ne ba­gyş­la­nan ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki se­bit gep­le­şik­le­ri­ni ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ýur­du­myz ulag ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len köp san­ly iri hal­ka­ra şert­na­ma­la­ra, yla­la­şyk­la­ra hem-de kon­wen­si­ýa­la­ra go­şul­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy se­bit de­re­je­sin­de-de iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Bu ba­bat­da Ow­ga­nys­tan – Türk­me­nis­tan – Azer­baý­jan – Gru­zi­ýa – Tür­ki­ýe («La­pis La­zu­li») ug­ry bo­ýun­ça hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­si­niň bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «La­pis La­zu­li» tas­la­ma­sy­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len ulag we ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça üç­ta­rap­la­ýyn pu­da­ga­ra to­par dö­re­dil­di. Onuň çäk­le­rin­de bir­nä­çe de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça iş to­par­la­ry dö­re­dil­di hem-de ola­ryň du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di.
Ýur­du­myz­da de­mir ýol, aw­to­mo­bil, ho­wa we suw ulag­la­ry­ny peý­da­lan­mak bi­len amat­ly we howp­suz hal­ka­ra ge­çel­ge­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le hem, Türk­me­nis­ta­nyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da de­mir ýol we aw­tou­lag ýol­la­ry­nyň, köp­rü­le­ri­niň gur­lu­şy­gy giň ge­rim bi­len ýaý­baň­lan­dy­ry­lýar. Amy­der­ýa­nyň üs­tün­den tä­ze de­mir ýol we aw­tou­lag köp­rü­le­ri gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di. Aş­ga­bat–Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Mu­nuň özi se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şi, halk­la­ryň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­me­gi­ni, hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ke­me­gi­ni, söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň muk­da­ry­nyň art­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Bu gün­ki gün yg­ty­bar­ly ulag-üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­le­ri­niň gu­rul­ma­gy bi­len, ýur­du­my­zyň çä­gin­den iň gys­ga we amat­ly ýol­lar bi­len ýük­le­ri­ni, ha­ryt­la­ry­ny we ýo­lag­çy­la­ry­ny gat­nat­ma­ga is­leg bil­dir­ýän dün­ýä ýurt­la­ry­nyň hem-de goň­şy döw­let­le­riň sa­ny­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Ata Wa­ta­ny­myz ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­myn­da se­bit we döw­le­ta­ra äh­mi­ýet­li mö­hüm, iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge hem-de dün­ýä döw­let­le­ri­niň dur­nuk­ly dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne iter­gi ber­ýän hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn nus­ga­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga my­na­syp go­şant goş­ýar.
Ýur­du­myz­da ulag ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na yzy­gi­der­li üns be­ril­ýär. Ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň hem gi­re­wi­dir. «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» ulag­lar ul­ga­my­nyň ösü­şi­ni üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­le­riň top­lu­my kes­git­le­nen. Ola­ryň ha­ta­ryn­da ýo­lag­çy­la­ry gat­nat­ma­gyň we ýük­le­ri da­şa­ma­gyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak we hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak, ulag hyz­mat­la­ry­nyň eks­por­ty­ny art­dyr­mak, esa­san, ýur­duň ýük­le­ri üs­ta­şyr ge­çir­mek müm­kin­çi­li­gi­ni dur­mu­şa ge­çir­mek, ulag­lar ul­ga­myn­da hal­ka­ra yk­dy­sa­dy we söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ni­ýet­le­nen iri hal­ka­ra hem-de se­bit­le­ýin tas­la­ma­lar ba­ba­tyn­da, çy­kyş et­mek hem-de ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­lup dur­ýar.

Ke­rim­ber­di ME­LÄ­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.