Estoniýanyň “Skeleton Technologies” kompaniýasy 15 sekuntda zarýad aljak batareýalary işläp taýýarlaýandyklaryny mälim etdi. Kompaniýa bu tehnologiýany kämilleşdirmek üçin Germaniýanyň Karlsrue tehnologiýa instituty bilen hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda telefonlarda we awtoulaglarda ulanylýan batareýalaryň köpüsi litiý-ion batareýalardyr. Emma bu batareýalara zarýad bermek köp wagt alýar. Täze işlenip taýýarlanýan batareýalar litiý-ion batareýalara garanyňda, has köp energiýa saklamaga mümkinçilik berer. Hünärmenler elektroulaglara zarýad bermegiň wagtyny ýangyç dolduran ýaly wagtda ýerin ýetirip boljak tehnologiýany taýýarlamagyň aladasyny edýärler.