“The Bloomberg Billionaires Index”-iň sanawyna görä, “Nongfu Spring” haryt nyşany bilen suw we beýleki içimlikleri öndürýän kompaniýanyň ýolbaşçysy Žong Şanşan “Alibaba”-nyň esaslandyryjysy Jek Madan ozduryp, Hytaýyň iň baý adamy boldy. Maliýe neşiriniň habaryna görä, işewüriň baýlygy 58,7 milliard dollara ýetdi. “Nongfu Spring” kompaniýasy 1996-njy ýylda ýurduň gündogaryndaky Çžeszýan welaýatynda döredildi. Işewüriň lukmançylyk pudagynda iş alyp barýan kompaniýalarda hem paýnamalarynyň bolmagy, onuň baýlygyny artdyrdy. Täze sanawa görä, baýlygy babatda dünýäde 17-nji ýerde durýan Žong bu ugurda Aziýa ikinji boldy. Aziýa ýurtlarynyň iň baý adam Hindistanyň nebit-himiýa pudagynda iş alyp barýan “Reliance Industries” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mukeş Ambani hasaplanýar.
“Nongfu Spring” brendi bilen öndürilýän suwlar ýurduň ähli ýerinde kiçi dükanlardan lýuks myhmanhanalara çenli giň müşderiler köpçüligine ýetirilýär. Bu brend bilen çaý, witaminli içimlikler we miwe suwlaryny hem öndürýär.