Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji sent­ýabr­da BMG-niň Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki ştab-kwar­ti­ra­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji mej­li­sin­de wi­deo­ýaz­gy bi­len çy­kyş et­di. Hormatly Prezidentimiz ta­ry­hy çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­ny we ola­ry çöz­mek ba­bat­da oňyn baş­lan­gyç­la­ry aýan et­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döwlet Baştutanymyz hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze gör­nüş­li ýi­ti ýo­kanç ke­sel­le­riň äh­lu­mu­my how­pu­na gar­şy gö­reş­mek­de, şeý­le hem onuň ýaý­ra­ma­gy bi­len dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­niň öňü­ni al­mak­da hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­me­giň mö­hüm ugur bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz BSGG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň ko­ro­na­wi­ru­syň ge­lip çy­ky­şy­ny öw­ren­mek, bu howp­ly ýo­kan­ja gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça köp ta­rap­ly usu­ly iş­läp taý­ýar­la­mak, ýi­ti ýo­kanç ke­se­li be­jer­mek we onuň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça Usu­ly­ýet mer­ke­zi­ni dö­ret­mek ba­bat­da Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şeý­le hem hormatly Prezidentimiz ulag me­se­le­si bo­ýun­ça giň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­mek bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar­da dur­nuk­ly hal­ka­ra gat­naw­la­ry üp­jün et­mek me­se­le­si­ni öňe sür­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Mil­li Li­de­ri­miz dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­kelt­mek, söw­da­ny we ma­ýa go­ýum işi­ni hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça äh­li iş­le­ri Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­nyň öz üs­tü­ne al­ma­gy­nyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­luk­da, hormatly Prezidentimiz ýa­kyn­da BSG-de syn­çy de­re­je­si­ne eýe bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy­ýet­de eme­le ge­len ýa­ra­maz ýag­daý­la­ry tiz wagt­da ýe­ňip geç­mek, ony saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na atar­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri iler­let­mek üçin eme­le ge­len müm­kin­çi­lik­ler­den ne­ti­je­li peý­da­lan­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Döw­let Baştutanymyz ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň dün­ýä­niň köp san­ly ýurt­la­ryn­da bar­dy­gy­ny we onuň eko­lo­gi­ýa nuk­daý­na­za­ryn­dan aý­ra­tyn we­him sal­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu me­se­le ul­gam­la­ýyn we top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­le­ri ta­lap ed­ýär. Şun­luk­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň işi­niň mö­hüm ug­ry hök­mün­de de­giş­li res­mi­na­ma-hu­kuk iş­le­ri­ni ama­la aşyr­ma­ly­dy­gy­ny bel­läp, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Aral deň­zi­niň se­bi­ti üçin Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ün­si çek­di.
25-nji sent­ýabr­da hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de paý­tag­ty­myz­da­ky Ru­hy­ýet köş­gün­de wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di.
«Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da» Kons­ti­tu­si­on ka­nun äh­li­halk ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­dan soň­ra Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ka­bul edil­di, bu res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da iki pa­la­ta­dan – Mej­lis­den we Halk Mas­la­ha­tyn­dan yba­rat bo­lan Mil­li Ge­ňeş dö­re­dil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň umu­my­mil­li fo­rum­da eden mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­da bel­leý­şi ýa­ly, şu ge­zek­ki kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­ler Ga­raş­syz ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň hu­kuk bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek we döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­sy­nyň işi­niň ne­ti­je­li bol­ma­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­re­der.
Mah­la­sy, Türk­me­nis­tan döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bol­ma­gy­nyň 29 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si­ni ägirt uly üs­tün­lik­ler bi­len gar­şy­la­dy, bu ýe­ti­len sep­git­ler gel­jek­ki üs­tün­lik­le­riň hem-de tä­ze zäh­met ýe­ňiş­le­ri­niň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýär.
Äh­li ýer­ler­de giň ge­rim­li gur­lu­şyk iş­le­ri ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp, köp san­ly hä­zir­ki za­man des­ga­la­ry, ne­bit­gaz we hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň, ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň, oba ho­ja­lyk, ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa, söw­da we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň des­ga­la­ry gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Türk­men hal­ky­nyň dur­muş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar, oba­lar­da we şä­her­ler­de hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk gel­ýän ze­rur dü­züm­ler ke­ma­la gel­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy ugur­la­ry beý­le­ki döw­let­ler bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len ýyg­jam gat­na­şyk et­mek bo­lup dur­ýan oňyn bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nan da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy hem aý­dyň mi­we­le­ri­ni ber­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge, ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge, hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mä­ge, daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga, döw­rüň beý­le­ki wa­jyp me­se­le­le­ri­niň saz­la­şyk­ly çöz­gü­di­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň giň gol­da­wy­na we yk­rar­na­ma­sy­na my­na­syp bol­dy.
Şu ýy­lyň mö­hüm wa­ka­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­nyň baý­ram edil­me­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Şu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li Di­ýa­ry­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň
baş­lan­gy­jy – dün­ýä
met­bu­ga­ty­nyň sa­hy­pa­la­ryn­da
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çi­ri­len äh­li­halk fo­ru­myn­da döw­let gur­lu­şy­nyň ösü­şi­ni we hä­si­ýet­le­ri­ni kes­git­le­ýän mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gol çe­ken «Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da» Kons­ti­tu­si­on ka­nun dün­ýä­niň ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Şo­nuň üçin hal­ka­ra me­dia bi­le­le­şi­gi­niň hem-de met­bu­gat we­kil­le­ri­niň ün­si ge­çen hep­dä­niň wa­ka­sy­na gö­nük­di.
Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ge­çi­şi­ni Ar­ka­la­şy­gyň ýurt­la­ry­nyň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri hem-de türk­men elekt­ron ne­şir­le­ri, te­le we ra­dio­ýaý­lym­la­ry, res­mi we ga­raş­syz saýt­lar iş­jeň be­ýan et­di­ler.
«РИА» tä­ze­lik­ler to­pa­ry mas­la­hat­da ka­bul edi­len res­mi­na­ma­lar, döw­let Baştutanymyzyň çy­ky­şy ba­ra­da ha­bar ber­mek bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­le­ri ka­bul eden­di­gi­ni nyg­ta­dy. «ТАСС» öz oky­jy­la­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­le­ri ma­kul­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­bar­lar agent­li­gi­niň res­mi saý­tyn­da ýer­leş­di­ri­len ha­bar­la­ryň yzy­sü­re, türk­men Par­la­men­ti­niň iki pa­la­ta­ly ul­ga­ma ge­çen­di­gi ba­ra­da­ky ha­ba­ry «Rus­sia to­day», «Интерфакс», «Аргументы и факты», «Эхо Москвы», «Московский комсомолец», МИР24, «Взгляд», «Reg­num», «Рамблер», «Казинформ», «Каспий On­li­ne», «Вестник Кавказа», «In­formбюро», «Azer­baycan 24», aqreqator.az, iMag.one, for­bes.kz, Aves­ta.tj we beý­le­ki­ler çap et­di­ler.


Şeý­le hem ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri tä­ze Par­la­men­tiň Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li ge­ňe­şi diý­lip at­lan­dy­ryl­jak­dy­gy ba­ra­da ha­bar ber­di­ler. Mu­nuň özi ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk hä­ki­mi­ýe­ti­ni ama­la aşyr­ýan hem-de iki pa­la­ta­dan – Halk Mas­la­ha­tyn­dan we Mej­lis­den yba­rat bo­lan we­kil­çi­lik­li eda­ra bo­lar.
Ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň en­çe­me­si pa­la­ta­la­ryň we­zi­pe­si hem-de dü­zü­mi ha­kyn­da anyk mag­lu­mat­la­ry my­sal ge­tir­di­ler. Bu­lar­dan baş­ga-da, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň çy­kyş­la­ryn­dan se­tir­le­ri, hu­su­san-da, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dün­ýä çök­gün­li­gi­ne ga­ra­maz­dan, dur­nuk­ly ösü­şi­ni sak­lap ga­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Döw­let býu­je­ti­niň se­riş­de­le­ri­niň 70 gö­te­rim­den gow­ra­gy­nyň dur­muş mak­sat­ly ug­ra gö­nük­di­ril­ýän­di­gi ba­ra­da aý­dan­la­ry­ny, «2021-nji ýyl­da Döw­let býu­je­ti­niň ha­sa­by­na ma­ýyp­lar we gol­da­wa mä­täç ra­ýat­lar üçin ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­ma­gy do­wam ede­ris» di­ýen söz­le­ri­ni da­şa­ry ýurt ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri my­sal ge­tir­di­ler.
«Sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­lim ul­gam­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň ös­me­gi üçin mö­hüm ugur­lar­dyr» di­ýen söz­ba­şy as­tyn­da Tür­ki­ýä­niň «Ana­do­lu» ha­bar­lar agent­li­gi türk­men Li­de­ri­niň sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­ni hö­wes­len­dir­me­giň mö­hüm­di­gi ba­ra­da aý­dan söz­le­ri­ne sal­gy­la­nyp, Sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne goş­ma­ça ýe­ňil­lik­le­riň be­ril­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýan Ka­ra­ra gol çe­ken­di­gi­ni ha­bar ber­di.
«Trend» öz oky­jy­la­ry­nyň ün­sü­ni Halk Mas­la­ha­tyn­da goz­ga­lan me­se­le­ler­den baş­ga-da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan tek­lip edi­len ulag, ener­ge­ti­ka we eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy ba­ra­da­ky me­se­le­le­re çek­di.
Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­me­giň mö­hüm­di­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, ýur­duň ulag we ener­ge­ti­ka ul­ga­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da wa­jyp bel­lik­le­ri­ni diň­le­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, eko­lo­gi­ýa­ny go­ra­mak bo­ýun­ça ka­da­la­ry ber­jaý et­me­giň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di di­ýip, «AMI Trend» ha­bar ber­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ýurt­da yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti hök­mün­de ulag dü­zü­mi­niň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. De­mir ýol, aw­to­mo­bil, ho­wa hem-de suw ulag­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, amat­ly we howp­suz hal­ka­ra ýol­lar se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­dip, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne, hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne hem-de ýurt­la­ryň ara­syn­da ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam eder.