Mirasdüşer şazada Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah Kuweýt Döwletiniň täze Emiri boldy. Bu barada Ministrler Geňeşiniň 29-njy sentýabrda geçiren gyssagly maslahatyndan soň, köpçülige mälim edildi.
Şeýlelikde, Kuweýtiň 91 ýaşly Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah aradan çykandan soň, Emiriň wezipesi onuň inisi şazada Nawafa geçdi. Ministrler Geňeşi öz beýanatynda Şeýh Sabahyň ABŞ-da aradan çykandygyny habar berdi. Şeýh Sabah Kuweýti 2006-njy ýyldan bäri dolandyryp, 50 ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň daşary syýasat edarasyna ýolbaşçylyk etdi. Emiriň aradan çykmagy bilen baglanyşykly ýurtda 40 günlük ýas yglan edilip, milli baýdaklar üç günläp aşak düşürildi. Kuweýtiň Konstitusiýasyna laýyklykda, Emir aradan çykandan soň, ygtyýarlyk tagtyň mirasdüşerine geçýär.
Şeýh Nawaf 1937-nji ýylyň 25-nji iýunynda Kuweýtde doguldy we dünýäniň iň garry döwlet işgärlerinden biri bolan agasy şeýh Sabahdan sekiz ýaş kiçidir. Täze Emir 2006-njy ýylda ýurdy dolandyryjy maşgalanyň razylygy bilen tagtyň mirasdüşeri adyna eýe boldy. Şeýh Nawaf mundan ozal, hökümetde birnäçe möhüm ýolbaşçy wezipelerde işledi, 1990-njy ýyllarda Kuweýtiň goranmak ministri boldy. Milli gwardiýa ýolbaşçylyk etdi, içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy, Premýer-ministriň orunbasary ýaly wezipelerde işledi. Onuň 4 ogly we 1 gyzy bar. Şeýh Nawaf 30-njy sentýabrda milli Mejlisde kasam kabul edip, wezipesine girişdi.