Şu ýyl Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli, onlaýn görnüşde geçiriler. Bu barada Nobel komitetiniň resmi saýtynda habar berildi. Baýraklaryň ýeňijileriniň 5-12-nji oktýabr aralygynda onlaýn yglan edilmegi meýilleşdirilýär. Şu ýyl geçiriljek dabara Stokgolm şäher häkimliginden göni ýaýlym arkaly dürli ýurtlarda görkeziler.
– Biziň hemmämiz umumy ýaýlyma birigeris, studiýa Stokgolm şäher häkimliginde ýerleşer. Her bir baýrak eýesi öz ýurdundaky Şwesiýanyň ilçihanasyndan ýa-da uniwersitetinden habarlaşar – diýip, Nobel gaznasynyň başlygy Lars Heýkensten aýtdy.
«Nobel komiteti Stokgolmda her ýyl geçirilýän Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasyny bu ýyl başga formatda geçirmek barada karar kabul etdi» diýlip, guramanyň beýanatynda bellenilýär. Mundan ozal, bu çäre Stokgolm filarmoniýasynda geçirilýärdi. Nobel baýragy 10-njy dekabrda gowşurylar. Baýraklar ýeňijilere ilçihanalaryň ýa-da uniwersitetleriň wekilleriniň üsti bilen gowşurylar. Baýrak gowşurylyş dabarasy 1944-nji ýyldan bäri ilkinji gezek onlaýn geçirilýär.
Nobel baýragynyň baýrak
gaznasy 1 million dollara
çenli artar
Şu ýyl Nobel baýragy üçin berilýän baýrak gaznasy 1 million şwed kronyna (110 müň dollar) çenli artdyrylyp, jemi 10 million krona (1 million dollar) deň bolar. Bu barada Nobel gaznasynyň başlygy Lars Heýkensten aýtdy.
– Bu karar, çykdajylarymyz bilen esasy maýamyzyň mukdarynyň durnukly gatnaşykda bolmagy sebäpli kabul edildi. Gaznanyň wezipesi baýragyň pullarynyň mukdaryny artdyrmakdyr – diýip, Heýkensten aýtdy.
Baýragyň pulunyň mukdary ýyllaryň geçmegi bilen üýtgäp durýar. Ilkibaşda 150 müň kron bolan bolsa, 1981-nji ýylda 1 million krona deň boldy. 2000-nji ýylda 9 million krona, 2001-nji ýylda bolsa 10 million krona ýetdi. 2012-nji ýylda 8 million krona çenli azaldyldy. 2017-nji ýylda ýene-de artdyrylyp, 9 milliona ýetdi. Meşhur şwesiýaly alym Alfred Nobel, 1901-nji ýylda dürli ugurlarda işleýän oýlap tapyjylar üçin geljekki gaznasyna 31 million şwed kronyny (häzirki 1,8 milliard krona barabar) geçirýär.