21-22-nji no­ýabr­da G20 sam­mi­ti ge­çi­ri­ler, ýö­ne ozal me­ýil­leş­di­ri­li­şi ýa­ly, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da däl-de, di­ňe wir­tu­al gör­nüş­de gu­ra­lar. Pa­ty­şa­ly­gyň be­ýa­na­tyn­da du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­la­ryň mart aýy­nyň ahy­ryn­da on­laýn gör­nüş­in­de ge­çi­ri­len G20 sam­mi­tin­de iş to­par­la­ry­nyň we mi­nistr­lik­le­riň 100-den gow­rak ýyg­na­gyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri­ne esas­lan­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Er-Ri­ýa­dyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň pi­ki­ri­çe, «XXI asy­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri hem­me­ler üçin dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär» şy­ga­ry bi­len gu­ral­jak no­ýabr sam­mi­ti­niň mak­sa­dy, esa­san, adam­za­dyň dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­den we yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri iler­let­mek­den yba­rat bo­lar.
Şu ýyl no­bat bo­ýun­ça G20-ä baş­lyk­lyk ed­ýän Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ze­nan hu­kuk­la­ry we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­k me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi me­ýil­leş­di­rýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Res­mi Er-Ri­ýa­dyň be­ýa­na­tyn­da «Dün­ýä­de eme­le ge­len hä­zir­ki çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­da G20 ýurt­la­ry yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gör­lüp-eşi­dil­me­dik çä­re­le­ri ber­jaý edip, öňe­gi­diş­lik ga­zan­dy­lar» diý­lip bel­le­nil­ýär.
G20 dün­ýä ila­ty­nyň üç­den iki bö­le­gi­ne eýe bo­lan ýurt­la­ry öz içi­ne al­ýar. Ola­ryň pa­ýy­na dün­ýä­niň je­mi içer­ki önü­mi­niň 85%-i, dün­ýä söw­da­sy­nyň bol­sa 75%-i düş­ýär. G20-iň dü­zü­mi­ne Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Hy­taý, Rus­si­ýa, ABŞ we beý­le­ki iri ýurt­la­r gir­ýär.