Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 2021-nji ýyl­da Bü­tin­dün­ýä sag­lyk sam­mi­ti­ni ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň mej­li­sin­de aýt­dy.
– In­di­ki ýyl Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­ne we­kil­çi­lik ed­ýän Ita­li­ýa­da sag­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça sam­mi­t ge­çi­ri­ler. Bu Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýew­ro­pa­ly­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky ala­da­sy­nyň ke­pi­li­dir – di­ýip, Ur­su­la fon der Lýa­ýen aýt­dy.
Şeý­le hem, ÝB-niň baş­ly­gy bi­le­le­şi­giň ýurt­la­ry üçin umu­my luk­man­çy­lyk ul­ga­my­ny eme­le ge­tir­jek we der­man­la­ry dö­ret­mek we ýaý­rat­mak bi­len meş­gul­lan­jak Ýew­ro­pa­nyň sag­lyk bi­le­le­şi­gi­ni esas­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni öňe sür­di.