Häzirki wagtda Ýewropada 130 töweregi geotermik elektrik beketleri işläp, bu geçen ýyla garanyňda, 5% köpdür. Bu sanyň 5-8 ýyldan ýene-de iki esse artmagyna garaşylýar. Demirgazyk Ýewropanyň günbatarynda ýerleşýän Islandiýada eýýäm, köp ýyllardan bäri Ýeriň jümmüşindäki ýylylyk energiýasyny ulanmak maksady bilen buraw işleri geçirilýär. Häzirki wagtda ýewropaly alymlar bu ýurduň çäklerinde täze tehnologiýalary synagdan geçirýärler. Nesýawedlir geotermik elektrik bekedi energiýa öndürmek boýunça ýurtda öňdäki orny eýeleýän iri beketleriň biridir. Ol ýylda ortaça, 120 MWt elektrik energiýasyny öndürýär. Buraw işleri köplenç täze ýataklary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär. Ýeriň jümmüşindäki gyzgynlyk aşa ýokary basyşda bolup, 460 derejä çenli ýetip bilýär.
Şu günki günde Islandiýa gazylyp alynýan ýangyçlary elektrik çeşmesi hökmünde ulanmagyny doly bes etdi. Ýurduň elektrik energiýasynyň 75%-ini gidroelektrik beketleri üpjün edýär. Geotermik energiýa olardan soň ikinji ýerde durýar. Islandiýanyň işjeň wulkanly sebitde ýerleşýändigi sebäpli ýurt geotermik çeşmelere baýdyr. Ýerasty ýylylyk çeşmeleri geotermik beketler arkaly ulanylýar. Maglumatlara görä, Islandiýada jaýlaryň 10-dan 9-sy geotermik çeşmeler bilen gyzdyrylýar.