Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esa­sy eda­ra­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Baş As­samb­le­ýa­nyň no­bat­da­ky 71-nji mej­li­si öz işi­ne baş­la­dy. Şu ýy­lyň 13-nji sent­ýab­ryn­da ol res­mi taý­dan açyl­dy. Oňa gu­ra­ma ag­za 193 döw­le­tiň ag­za­la­ry, Baş sek­re­tar Pan Gi Mun hem-de 71-nji mej­li­siň ýol­baş­çy­sy Fi­ji döw­le­ti­niň he­mi­şe­lik we­ki­li Pi­ter Tom­son gat­naş­dy. BMG-niň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki ştab-kwar­ti­ra­syn­da bu da­ba­ra­dan bir­nä­çe sa­gat öň, 70-nji mej­lis öz işi­ni ta­mam­la­dy.

Onuň baş­ly­gy Mo­gens Lýuk­ke­toft çe­kiç bi­len üç ge­zek urup, Baş As­samb­le­ýa­nyň 70-nji mej­li­si­niň ta­mam­la­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Soň­ky bir ýy­lyň do­wa­myn­da BMG-niň gat­naş­ma­gyn­da hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi üçin mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bir­nä­çe ka­rar­lar hem-de çöz­güt­ler ka­bul edil­di. Şeý­le­lik­de, ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da 2030-njy ýy­la çen­li dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça gün ter­ti­bi tas­syk­la­nyp­dy. Onuň çäk­le­rin­de äh­lu­mu­my we dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak, ga­ryp­ly­ga gar­şy gö­reş­mek, dür­li ke­sel­le­riň hem-de so­si­al deň­siz­li­giň öňü­ni al­mak ba­bat­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mun­dan baş­ga-da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy äh­lu­mu­my möç­ber­de gö­reş alyp bar­ma­gy göz öňün­de tut­ýan yla­la­şy­gyň üs­tün­de iş­lenen köp ýyl­lyk iş ta­mam­lan­dy. Ol Kio­to äht­na­ma­sy­nyň or­nu­ny tu­tar.

MAK­SAT – BAŞ­LA­NAN
IŞI DO­WAM ET­DIR­MEK
Baş As­samb­le­ýa­nyň 71-nji mej­li­si­niň baş­ly­gy Pi­ter Tom­son dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça ka­bul edi­len 17 mad­da­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ug­run­da zäh­met çe­kil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Ol bu mak­sat­na­ma­nyň äh­li döw­let­le­riň bäh­bit­le­ri­ne gul­luk et­jek­di­gi­ni aýt­dy. Pi­ter Tom­son şo­nuň üçin baş­la­nan işiň do­wam et­di­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di we bu ugur­da ta­gal­la edil­jek­di­gi­ni ynan­dyr­dy. 71-nji mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne 170-e go­laý dür­li me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Ola­ryň ara­syn­da dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­re­şi güýç­len­dir­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­giniň ile­ri tut­ýan esa­sy we­zi­pe­le­rini­ň bir­nä­çesi bar. Şeý­le hem BMG-niň hem-de onuň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň mak­sat­na­ma­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.

MIG­RA­SI­ÝA WE BOS­GUN­LAR
BO­ÝUN­ÇA MAS­LA­HAT
Baş As­samb­le­ýa­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň çäk­le­rin­de esa­sy me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si­ne se­re­di­ler. Ola­ryň bi­ri-de mig­ra­si­ýa we bos­gun­lar me­se­le­si­dir. Bu ba­bat­da şu ýy­lyň 19-njy sent­ýab­ryn­da ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­hat ge­çi­ri­ler. Şeý­le mas­la­hat Baş As­samb­le­ýa­nyň çäk­le­rin­de il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýär. 71-nji mej­li­siň çäk­le­rin­de şeý­le ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­ty ça­gyr­ma­gyň esa­sy mak­sa­dy hal­ka­ra mig­ra­si­ýa me­se­le­le­rini do­lan­dyr­mak ba­bat­da tä­ze çe­me­leş­me­le­ri iş­läp düz­mek­den hem-de bos­gun­la­ryň uly to­par­la­ry­ny ýer­leş­dir­mek işi­ne tä­ze­den se­ret­mek­den yba­rat­dyr.
Şu ýy­lyň 20-nji sent­ýab­ryn­da Nýu-Ýork şä­he­rin­de ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma­nyň baş­tu­tan­ly­gyn­da bos­gun­lar bo­ýun­ça döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti ge­çi­ri­ler. Şol du­şu­şyk­da aý­ry-aý­ry döw­let­le­re bos­gun­la­ry ka­bul et­mek bo­ýun­ça tä­ze jo­gap­kär­çi­lik­ler hö­dür­le­ner.
Şol gün BMG-niň ştab-kwar­ti­ra­syn­da umu­my mej­li­siň işi­ne ba­dal­ga ber­ler. Oňa 150-ä go­laý ýur­duň döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry bi­len bir ha­tar­da, 30-dan gow­rak ýur­duň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri gat­na­şar. Bir hep­dä­niň do­wa­myn­da olar dün­ýä­dä­ki esa­sy wa­ka­lar bo­ýun­ça pi­kir al­şar­lar we öz­le­ri­niň ga­ra­ýyş­la­ry­ny öňe sü­rer­ler.
Bu ge­zek­ki umu­my mej­lis ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Ba­rak Oba­ma­nyň soň­ky gat­naş­ýan mej­li­si bo­lar. Onuň we­zi­pe möh­le­ti 2017-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­da ta­mam­lan­ýar. Şeý­le hem kä­bir ýurt­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry üçin il­kin­ji gat­naş­ýan mej­li­si bo­lar. Mu­ňa Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Te­re­za Me­ýi hem-de Bra­zi­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Mi­şel Te­me­ri my­sal ge­tir­mek bo­lar.
Şeý­le hem BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Pan Gi Mun dün­ýä­niň iň iri hal­ka­ra fo­ru­my­nyň gat­na­şy­jy­la­ry­na soň­ky ge­zek ýüz­le­ner. Ol hem şu ýy­lyň ahy­ryn­da we­zi­pe möh­le­ti­ni ta­mam­la­ýar. Onuň orun­tu­ta­ry­ny saý­la­mak işi­ni Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi alyp bar­ýar. In­di­ki Baş sek­re­ta­ryň kim bol­jak­dy­gy okt­ýabr aýyn­da bel­li bo­lar. Hä­zir bu we­zi­pe üçin 10 sy­ýa­sat­çy da­laş ed­ýär. Por­tu­ga­li­ýa­nyň ozal­ky Prem­ýer-mi­nist­ri we 2015-nji ýy­la çen­li bos­gun­lar bo­ýun­ça BMG-niň ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry we­zi­pe­sin­de iş­län An­to­niu Gu­ter­riş öň­de bar­ýar.

BMG-niň taryhy barada maglumat

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­ny dö­ret­mek pi­ki­ri 1941-1945-nji ýyl­la­ryň ur­şu­nyň baş­la­ryn­da peý­da bol­dy. 1941-nji ýy­lyň 14-nji aw­gus­tyn­da At­lan­tik um­ma­nyn­da gä­mi­de ABŞ-nyň şol dö­wür­dä­ki Pre­zi­den­ti Frank­lin Ruz­welt hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Uins­ton Çer­çill At­lan­tik har­ti­ýa­sy­na gol çek­di. Mu­ňa 1941-nji ýy­lyň 24-nji sent­ýab­ryn­da ozal­ky SSSR hem go­şul­dy. At­lan­tik har­ti­ýa­sy­nyň bir­nä­çe mad­da­la­ry hal­ka­ra gu­ra­ma bi­len hem bag­la­ny­şyk­ly bol­dy. Iki döw­let dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk et­me­gi mak­sat edi­nip­di. 1942-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da 26 döw­let At­lan­tik har­ti­ýa­sy­na gol­daw be­rip, Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň äht­na­ma­sy­na gol çek­di. Şol res­mi­na­ma­da il­kin­ji ge­zek – mil­let­ler bi­le­le­şi­gi sö­zi ula­nyl­dy. Ol hem Pre­zi­dent Ruz­welt ta­ra­pyn­dan tek­lip edi­lip­di.
1943-nji ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň ahy­ryn­da Mosk­wa mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de ozal­ky SSSR-iň, ABŞ-nyň hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri gys­ga wagt­da hal­ka­ra gu­ra­ma­ny dö­ret­mek ha­kyn­da­ky il­kin­ji res­mi­na­ma gol çe­kiş­diler. Şol du­şu­şy­ga Hy­ta­ýyň Mosk­wa­da­ky il­çi­si hem gat­na­şyp­dy. Bu mas­la­ha­ta gat­naş­mak üçin ABŞ-nyň döw­let sek­re­ta­ry Kor­dell Hell dur­mu­şyn­da il­kin­ji ge­zek uça­ra mü­nüp, Mosk­wa gel­di. Ony yzy­na do­la­nan wag­ty ho­wa men­zi­lin­de Pre­zi­dent Ruz­wel­tiň hut özi gar­şy al­dy.
BMG-ni dö­ret­mek ha­kyn­da­ky gu­tar­nyk­ly yla­la­şyk 1945-nji ýyl­da Ýal­ta­da 3 ýur­duň döw­let ýol­baş­çy­sy­nyň du­şu­şy­gyn­da ga­za­nyl­dy. 1945-nji ýy­lyň 26-njy iýu­nyn­da San-Fran­sis­ko­da 50 döw­let BMG-niň ter­tip­na­ma­sy­na gol çek­di. Şol ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ryn­da So­wet So­ýu­zy bu ter­tip­na­ma­ny tas­syk­lan 29-njy döw­let bol­dy we şol gün BMG-niň ter­tip­na­ma­sy güý­je gir­di.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň il­kin­ji mej­li­si 1946-njy ýy­lyň 10-njy ýan­wa­ryn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don şä­he­rin­dä­ki West­mi­nis­ter köş­gün­de ge­çi­ril­di. Şol mej­lis­de ka­bul edi­len il­kin­ji re­zol­ýu­si­ýa atom ener­gi­ýa­sy­ny pa­ra­hat­çy­lyk mak­sa­dy üçin ulan­mak ba­bat­da ka­bul edi­len res­mi­na­ma bol­dy. Bir hep­deden soň­ra şol ýer­de BMG-niň Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň il­kin­ji ýyg­na­gy bol­dy.
Lon­don­da­ky mej­lis­de umu­my ýyg­na­gyň çäk­le­rin­de çy­kyş et­jek ýol­baş­çy­la­ryň ter­ti­bi kes­git­len­di. Şol ýer­de il­kin­ji çy­kyş et­mek hu­ku­gy­na Bra­zi­li­ýa eýe bol­dy. Baş As­samb­le­ýa­nyň il­kin­ji mej­li­sin­de gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň we­kil­le­ri söz sözlemek ka­ra­ry­na gel­män­kä, Bra­zi­li­ýa­nyň we­ki­li il­kin­ji bo­lup, eli­ni gal­dyr­dy. Şon­dan bä­ri umu­my mej­lis­de il­kin­ji bo­lup, Bra­zi­li­ýa­nyň we­ki­li, soň­ra ýer eýe­si hök­mün­de ABŞ-nyň we­ki­li çy­kyş ed­ýär.
Baş As­samb­le­ýa­nyň Lon­don­da­ky il­kin­ji mej­li­sin­de BMG-niň ştab-kwar­ti­ra­sy­ny Nýu-Ýork şä­he­rin­de ýer­leş­dir­mek ha­kyn­da-da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. 1946-njy ýy­lyň 16-njy aw­gus­tyn­da BMG-niň bi­na­sy wagt­la­ýyn­ça Leýk Sak­ses oba­syn­da ýer­leş­di­ril­di. Şol ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da onuň hä­zir­ki bi­na­sy­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri 8,5 mil­li­on dol­la­ra sa­tyn alyn­dy. 1947-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da BMG-niň bi­na­sy­nyň bi­na­gär­­lik me­ýil­na­ma­sy tas­syk­lan­dy. 1949-njy ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ryn­da onuň düý­bi tu­tul­dy we 1951-nji ýy­lyň 10-njy ýan­wa­ryn­da BMG-niň ştab-kwar­ti­ra­sy res­mi taý­dan açyl­dy.
1945-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­dan 1946-njy ýy­lyň few­ra­ly­na çen­li BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň we­zi­pe­si­ni Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň we­ki­li Gled­win Jebb alyp bar­dy. 1946-njy ýyl­dan hä­zir­ki döw­re çen­li BMG-niň Baş sek­re­ta­ry we­zi­pe­sin­de 8 adam iş­le­di. Hä­zir­ki 8-nji Baş sek­re­tar Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li Pan Gi Mun şu ýy­lyň de­kab­ryn­da we­zi­pe möh­le­ti­ni ta­mam­la­ýar.
BMG-niň il­kin­ji Baş sek­re­tar­ly­gy­na Nor­we­gi­ýa­nyň we­ki­li Trýug­we Li saý­lan­dy. Şon­dan soň­ra de­giş­li­lik­de Dag Ham­mer­şeld (Şwe­si­ýa), U Tan (Bir­ma), Kurt Wald­haým (Awst­ri­ýa), Haw­ýer Pe­res De Ku­el­ýar (Pe­ru), But­ros-But­ros-Ga­li (Mü­sür), Ko­fi An­nan (Ga­na) we Pan Gi Mun (Gü­nor­ta Ko­re­ýa) bu we­zi­pe­de iş­le­di.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy 6 ge­zek No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si bol­dy. 1961-nji ýyl­da BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Dag Ham­mer­şel­de No­be­liň pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy be­ril­di. 1988-nji ýyl­da BMG-niň hal­ka­ra go­ra­nyş güý­ji, 1954-nji we 1981-nji ýyl­lar­da BMG-niň bos­gun­lar bo­ýun­ça Ýo­ka­ry ko­mis­sar­ly­gy hem-de 2001-nji ýyl­da pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy.
BMG-niň mün­be­ri döw­let­le­re hal­ka­ra me­se­le­ler bo­ýun­ça öz ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän iň ýo­ka­ry mün­ber­dir. Her ýy­lyň sent­ýabr aýy­nyň ahy­ryn­da ge­çi­ril­ýän BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­li­si baý ma­ny­ly hem-de ýy­lyň esa­sy sy­ýa­sy wa­ka­sy ha­sap­lan­ýar. Onuň çäk­le­rin­de ýüz­ler­çe du­şu­şyk ge­çi­ril­ýär we köp san­ly çy­kyş­lar diň­le­nil­ýär.
Gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da uzak wagt­lap çy­kyş eden ýurt baş­tu­ta­ny Ku­ba­nyň li­de­ri Fi­del Kast­ro­dyr. Ol 1960-njy ýyl­da baş mün­ber­de 4 sa­gat 29 mi­nut çy­kyş et­di we Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di.