“Gepatit” barlaglary üçin Nobel baýragy berildi

Her ýyl dürli ugurlardan gowşurylýan Nobel baýraklary mälim eidlip başlandy. Däp bolşy ýaly, ilkinji bolup fiziologiýa ýa-da lukmançylyk ugry boýunça baýragyň eýeleri mälim edildi. Bu ugurdan amerikan alymlary Harwi Allery, Maýkl Hauton we britan wirusology Çarlz Raýs gepatit C-iň üstünde geçiren ylmy-barlaglary üçin mynasyp görüldi.

-Indi bu barlaglaryň netijesinde, taryhda ilkinji gezek gepatit C wirusyna ýoluganlary bejerilip bilner. Lukmançylyk baýragynyň eýeleriniň açyşlary, gepatit keseliniň esasy sebäbini kesgitledi hem-de millionlarça adamyň ömrüni halas etmäge sebäp bolan gan barlaglaryna we täze dermanlara döretmäge mümkinçilik berdi – diýip, Nobel komitetiniň wekilleri aýtdylar. Şu ýyl Nobel baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli onlaýn görnüşde geçiriler. Baýraklaryň ýeňijileriniň 5-12-nji oktýabr aralygynda yglan ediler. Bu ýyl dabara Stokgolm şäher häkimliginden ýaýlym arkaly dürli ýurtlarda görkeziler. Nobel baýraklary 10-njy dekabrda ýeňijilere ilçihanalaryň ýa-da uniwersitetleriň wekilleriniň üsti bilen gowşurylar. Baýrak gowşurylyş dabarasy 1944-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýatyrylýar.