Her ýylyň 9-njy oktýabry Bütindünýä poçta güni hökmünde bellenilýär. 1939-njy ýylda Buenos-Aýresda geçirilen Xl Bütindünýä poçta kongresinde “Bütindünýä poçta birleşiginiň gününi” bellemek teklip edilýär. Bu senäniň saýlanmagynyň sebäbi 1874-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda “Bütindünýä poçta birleşigi” esaslandyrylmagydyr. Emma şol döwür bu karar güýje girmän eken. Şuňa meňzeş karar Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda 1969-njy ýylyň XVI Bütindünýä poçta birleşiginiň kongresinde hem kabul edilýär. Halkara baýramçylyk hökmünde Bütindünýä poçta birleşiginiň güni ilkinji gezek 1970-nji ýylda bellenildi.

1984-nji ýylda Gamburgda geçirilen 19-njy Bütindünýä poçta kongresinde Bütindünýä poçta birleşiginiň gününi Bütindünýä poçta gününe öwürmek barada karar kabul edilýär. Ondan öň Ottawada geçirilen XIV Bütindünýä poçta birleşiginiň kongresinde her ýyl hat-ýazuw hepdeligini 9-njy oktýabrda, Bütindünýä poçta gününe öwürmek kararyna gelinýär. Bu baýram BMG-niň halkara günleriniň düzümine hem girýär hem-de dünýäde poçta hyzmatlarynyň ýaýramagyna we ösmegine itergi bermek üçin niýetlenendir. 1994-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň  Prezidentiniň karary bilen iýul aýynyň ikinji ýekşenbesi “Russiýa poçta güni” diýlip bellenildi.

Dünýä ýurtlarynda “Bütindünýä poçta güni” bilen baglanyşykly birnäçe gyzykly çäreler, ýaryşlar geçirilýär. Mysal üçin, 2005-nji ýylda Kamerunda poçta işgärleri bilen CAMTEL telekommunikasiýa kompaniýasynyň işgärleriniň arasynda futbol oýny geçirilýär. Bütindünýä poçta güni mynasybetli poçta markalary, sergileri guralýar, konsert çäreleri geçirilýär. 2006-njy ýylda bu günüň hormatynda Arhangelsk poçta bölüminde “Köýnek hatlary” atly poçta bukjalarynyň sergisi açylýar.

2007-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda “ Rus poçta”-nyň sebit bölümlerinde “Men elipbiý çekýärin” atly poçta markasyny çyzmak boýunça bäsleşik geçirildi we ýeňijiler yglan edilip sowgatlar berildi. Bu bäsleşik, ilkinji poçta markasynyň Russiýada dolanyşyga girizilmeginiň 150 ýyllygyna, şeýle hem rus diliniň ýylyna we rus poçtasy ösüşiniň taryhyna bagyşlandy. Bäsleşik Rus poçtasy we Marka neşirýat we söwda merkezi hem-de Russiýanyň Filatelistler bileleşigi tarapyndan guralýar. Görnüşi ýaly bu sene baýramçylyk görnüşinde her ýurtda dürlüçe geçirilýär.

Seýli ARYŞOW,

Türkmenistanyň  Daşary  işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.