Ýewropa Komissiýasy häzirki wagtda howa goýberilýän kömürturşy gazyny 37,5% azaltmak maksady bilen, 2030-njy ýyla çenli täze awtoulaglardan kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny iki esse azaltmak barada karara geldi. Bu maksada ýetmek üçin önümçiligiň ep-esli derejede üýtgedilmegi zerur bolup durýar. Bu kararyň öňdebaryjy awtoulag öndürijilerini oňaýsyz ýagdaýda goýandygy habar berilýär. Ýöne Ýewropa Bileleşiginiň daşky gurşaw boýunça öňdebaryjy hünärmenleri kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň 50% azaldylmagyny yzygiderli talap edip gelýärler. Ýewropa Komissiýasy ýakyn günlerde köpçülige, ozaly bilen, awtoulag pudagynyň wekillerine bu ugur boýunça ägirt uly meýilnamasy barada jikme-jik habar berer. «Bu ýewropalylaryň geljekki nesillerine şu gün çözgüdi tapyljak meseleleri miras galdyrmazlyk üçin berjaý edilýär» diýlip, Ýewropa Komissiýasy tarapyndan ýaýradylan beýanatda mälim edilýär.