Azyk önüm­le­ri­niň ter­li­gi­ni sak­la­mak, şeý­le hem ola­ryň möh­le­tin­den öň za­ýa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin so­wa­dy­jy­ny ulan­ma­gyň düz­gün­le­ri­ni bil­mek ze­rur­dyr. Ýö­ne­keý­je ka­da­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ar­ka­ly azyk önüm­le­ri­ňi­zi dog­ry usul­da sak­lap bi­ler­si­ňiz.
So­wa­dy­jy­nyň ýo­kar­ky tek­je­le­ri­ne iç­gi­le­ri, taý­ýar süýt we et önüm­le­ri­ni ýer­leş­dir­mek ýer­lik­li bo­lar. Ara­lyk­da­ky tek­je­ler­de na­har bi­şi­re­ni­ňiz­de ulan­ma­gy göz öňün­de tut­ýan azyk önüm­le­ri­ňi­zi ýa-da taý­ýar na­har­la­ry­ňy­zy go­ýup bi­ler­si­ňiz. Aşa­ky tek­je­de bol­sa, dog­ra­lan ýa-da üwe­len et­le­ri, ba­lyk önüm­le­ri­ni ýer­leş­dir­mek ka­da la­ýyk bo­lar.
Azyk önüm­le­ri­ni şeý­le usul­da aý­ry ýer­leş­dir­mek bak­te­ri­ýa­la­ryň we wi­rus­la­ryň bir önüm­den beý­le­ki önü­me geç­me­gi­niň öňü­ni alar. My­sal üçin, çig et­de bar bo­lan «sal­mo­nel­la» bak­te­ri­ýa­sy nädogry ýer­leş­di­ri­len ha­la­tyn­da bi­şi­ri­len ýa-da taý­ýar sa­tyn al­nan önüm­le­re ge­çip bi­ler. Şu se­bäp­den çig we bi­şen et bi­r-bi­rin­den aý­ry sak­lan­ma­ly­dyr.
So­wa­dy­jy­nyň iň aşa­gyn­da ýer­leş­ýän bö­lüm bol­sa, gök önüm­le­re ni­ýet­le­nen­dir. Bu bö­lüm azyk önüm­le­ri­ni bel­li bir çyg­ly­lyk we so­wuk­lyk de­re­je­sin­de sak­la­mak üçin göz öňün­de tu­tu­lyp di­zaýn edil­ýär. Şeý­le­lik­de, mi­we­dir gök önüm­le­ri bu bö­lüm­de sak­la­mak ýer­lik­li bo­lar.

Şu­la­ry ýat­dan çy­kar­maň:
– En­ja­my­ňy­zyň so­wa­dy­jy we doň­du­ry­jy bö­lüm­le­ri­niň so­wuk­lyk de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li bar­lap du­ruň! So­wa­dy­jy 5 derejeden aşak­da, doň­du­ry­jy bö­lü­mi bol­sa, -18 derejede sak­la­nyl­ma­ly­dyr.
– So­wa­dy­jy­nyň içi­ne zat sa­la­ny­ňyz­da 70 gö­te­ri­me çen­li dol­dur­mak so­wa­dy­jy­nyň uzak wag­tlap ula­nyl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­re­der.
– So­wa­dy­jy­nyň ga­py­syn­da ýer­leş­ýän tek­je­ler en­ja­myň so­wuk­lyk de­re­je­si­niň iň pes ýe­ri­dir. Şo­nuň üçin hem, ýu­murt­ga­la­ry ýa-da çalt za­ýa­lan­ýan süýt önüm­le­ri­ni so­wa­dy­jy­nyň has so­wuk ýe­rin­de sak­la­mak ýer­lik­li­dir.
– So­wa­dy­jy­nyň et üçin ula­nyl­ýan tek­je­si­ni yzy­gi­der­li aras­sa­lap du­ruň! Mu­nuň esa­syn­da, ar­tyk­maç bak­te­ri­ýa­la­ryň we mik­ro­or­ga­nizm­le­riň dö­re­me­gi­niň öňü­ni alyp bi­ler­si­ňiz.
– Tok öçen wagty doň­du­ry­jy bö­lü­mi­niň ga­py­sy­ny aç­maň! Şeý­le ýag­daý­lar­da, adat­ça, doň­du­ry­jy­da­ky önüm­ler 24 sa­ga­da çen­li za­ýa­lan­ma­ýar. Ýat­da sak­laň, do­ňy çö­zü­len azyk önüm­le­ri­ni tä­ze­den doň­dur­mak azygyň howp­suz­ly­gy üçin zy­ýan­ly­dyr!
– Ýa­ram­ly­lyk möh­le­ti çalt ta­mam­lan­ýan önüm­ler üçin aý­ra­tyn tek­je göz öňün­de tut­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Şeý­le azyk önüm­le­ri­ni el­my­da­ma gö­rer ýa­ly öň­dä­ki ha­tar­la­ra ýer­leş­dir­mek ýer­lik­li bo­lar. So­wa­dy­jy­nyň için­de gö­rün­män ga­lan önüm­le­ri­ňi­zi ulan­ma­gy hem ýat­dan çy­kar­maň! My­sal üçin, tä­ze açan ban­ka­ňy­zy öň­dä­ki ha­ta­ra ýer­leş­di­riň! Şeý­le et­mek bi­len, zi­bil­le­riň göw­rü­mi­ni hem azal­dyp bi­ler­si­ňiz. So­wa­dy­ja il­ki sa­lan önü­mi­ňi­zi beý­le­ki­ler­den öň ulan­ma­ly­dy­gy­ňy­zy unut­maň!