Ge­çen hep­dä­niň pen­şen­be gü­ni UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň tä­ze möw­sü­mi­niň, has ta­ky­gy, umu­my­lyk­da 66-njy, Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň 29-njy möw­sü­mi­niň to­par­ça­la­ryn­da haý­sy klub­la­ryň çy­kyş et­jek­di­gi bi­je ar­ka­ly mä­lim edil­di. Çy­kyş et­jek 32 klub 14 ýur­da de­giş­li bo­lup, 4 to­par il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýar. Olar Rus­si­ýa­nyň «Kras­no­dar», Tür­ki­ýä­niň «Is­tan­bul Ba­şak­şe­hir», Fran­si­ýa­nyň «Renn», Da­ni­ýa­nyň «Midt­ýul­lann» to­par­la­ry­dyr. Şun­luk­da, dün­ýä fut­bo­ly­nyň iň eý gö­rül­ýän klub bäs­le­şi­gin­de çy­kyş et­jek klub­la­ryň sa­ny 148-e ýet­di.

55 ýur­duň 33-si­niň
we­ki­li gat­naş­dy
1992–1993 möw­sü­min­den bä­ri UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy ady bi­len ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän ýa­ryş­da ir­ki ýyl­lar­da di­ňe çem­pi­on­lar çy­kyş ed­ýär­di. Şol bir wag­tyň özün­de-de ýa­ryş utu­lan-çyk­dy esa­syn­da ge­çi­ril­ýär­di. UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy ady­ny ala­nyn­dan soň il­ki to­par­ça­la­ýyn bäs­le­şik esa­syn­da, soň­lu­gy bi­le­nem utu­lan-çyk­dy tap­gyr­la­ry esa­syn­da gu­ral­ýan ýa­ry­şa gat­naş­mak is­len­dik klu­buň bi­rin­ji de­re­je­li mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Bu ýag­daý klu­ba ma­li­ýe hem-de ab­raý ba­bat­da uly öňe­gi­diş­lik ga­zan­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da UEFA-nyň 55 ag­za döw­le­ti bar. Şo­la­ryň 33-si­niň we­ki­li bu ýa­ry­şa azyn­dan 1 ge­zek gat­naş­dy. Bu gör­ke­zi­ji­ bel­ki-de öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da aň­ry­git­se 35 bol­ma­gy müm­kin. Ýa­ryş hä­zir­ki ul­gam­da ge­çi­ri­len ýag­da­ýyn­da bol­sa, bu sa­na­wa tä­ze ýurt­la­ryň go­şul­ma­gy­na ga­ra­şy­la­nok. Azer­baý­jan 33-nji ýurt bo­lup, ýur­duň en­çe­me ge­zek çem­pio­ny «Ga­ra­bag» 2017–2018 möw­sü­min­de çy­kyş edip­di. UEFA-nyň 22 ýur­dun­dan bol­sa, ýe­ke to­par hem bu ýa­ryş­da orun al­ma­dy.

1 möw­süm­de 5 to­par
UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň 1 möw­sü­mi­ne iň köp klub bi­len ga­tna­şan 2 ýurt bar. Olar Is­pa­ni­ýa hem-de Ang­li­ýa bo­lup, 5 klub bi­len we­kil­çi­lik et­di­ler. 2015–2016 möw­sü­min­de Is­pa­ni­ýa­dan «Re­al Mad­rid», «Bar­se­lo­na», «Wa­len­si­ýa», «At­le­ti­ko Mad­rid» hem-de Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň ýe­ňi­ji­si hök­mün­de «Se­wil­ýa», 2017–2018 möw­sü­min­de-de Ang­li­ýa­dan «Li­wer­pul», «M. Si­ti», «Çel­si», «Tot­ten­ham» hem-de Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň ýe­ňi­ji­si hök­mün­de «M. Ýu­naý­ted» bu ýa­ryş­da çy­kyş et­di.

Iň köp is­pan we ne­mes to­par­la­ry
UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da iň köp dür­li klub bi­len çy­kyş eden ýurt­lar – Is­pa­ni­ýa bi­len Ger­ma­ni­ýa bo­lup, «La Li­ga­dan» hem-de «Bun­des­li­ga­dan» 13 to­par we­kil­çi­lik et­di. Bu ugur­da Fran­si­ýa 11 klub bi­len 3-nji, 10 to­pa­ry gat­na­şan Ita­li­ýa bi­len Ang­li­ýa 4–5-nji ýer­le­ri paý­laş­ýar­lar. Ni­der­land­la­ryň 7 klu­by ýa­ryş­da çy­kyş et­di. «Kras­no­da­ryň» sa­na­wa go­şul­ma­gy bi­len Rus­si­ýa­nyň we­kil­çi­lik eden to­par­la­ry­nyň sa­ny 7-ä ýet­di. Bel­gi­ýa­dyr Tür­ki­ýe­den 6, Por­tu­ga­li­ýa­dan, Da­ni­ýa­dan, Şweý­sa­ri­ýa­dan 5, Ru­my­ni­ýa­dan, Awst­ri­ýa­dan, Şwe­si­ýa­dan 4, Slo­wa­ki­ýa­dan, Çe­hi­ýa­dan, Ys­ra­ýyl­dan, Gre­si­ýa­dan 3, Hor­wa­ti­ýa­dan, Kipr­den, Weng­ri­ýa­dan, Nor­we­gi­ýa­dan, Pol­şa­dan, Şot­lan­di­ýa­dan, Uk­rai­na­dan, Bol­ga­ri­ýa­dan, Ser­bi­ýa­dan 2, Be­la­rus­dan, Finl­ýan­di­ýa­dan, Slo­we­ni­ýa­dan, Ga­za­gys­tan­dan hem-de Azer­baý­jan­dan 1 to­par gat­naş­dy.
Umu­my­lyk­da al­nan­da, is­pan klub­la­ry 95, iň­lis to­par­la­ry 92, ital­ýan hem-de ne­mes klub­la­ry 82 ge­zek bu ýa­ryş­da çy­kyş et­di. Fran­si­ýa­nyň adyn­dan we­kil­çi­lik eden 11 klub 67 ge­zek Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň to­par­ça­la­ry­na at­la­ry­ny ýaz­dyr­dy­lar. Bu gör­ke­zi­ji por­tu­gal to­par­la­ryn­da 51-e, rus klub­la­ry üçin 42-ä hem-de ni­der­land to­par­la­ry üçin 41-e deň­dir.

Äh­li möw­süm­de çy­kyş eden­ler
Şu wag­ta çen­li ge­çi­ri­len 28 möw­sü­miň äh­li­si­ne klub goý­be­ren ýurt­lar hök­mün­de Ita­li­ýa bi­len Fran­si­ýa­ny gör­kez­mek bo­lar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, ital­ýan hem-de fran­suz klub­la­ry UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň fi­nal tap­gy­ryn­da 29-njy möw­süm­le­ri­ni ge­çi­rer­ler. Is­pa­ni­ýa­dyr Ang­li­ýa­nyň hem-de Ger­ma­ni­ýa­nyň klub­la­ry 1992–1993 möw­sü­min­de çy­kyş edip bil­me­di­ler. Şol möw­süm­ki ýa­ry­şyň fi­nal tap­gy­ryn­da 2 to­par­ça bo­lup­dy. Is­pa­ni­ýa­dan «Bar­se­lo­na», Ang­li­ýa­dan «Lids», Ger­ma­ni­ýa­dan «Ştut­gart» to­par­la­ry­na saý­la­ma tap­gyr­la­ry­ny geç­mek ba­şart­man­dy.

«Re­al Mad­rid» bi­len
«Bar­se­lo­na» 25-nji gezek
çy­kyş ed­ýär­ler
29-njy möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­jek UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da iň köp çy­kyş eden klub «Re­al Mad­rid» bi­len «Bar­se­lo­na» to­par­la­ry­dyr. Iki klub hem 25-nji ge­zek çy­kyş eder. 1990-njy ýyl­la­ryň baş­la­ryn­da 4 ýa­ry­şy goý­be­ren «Re­al Mad­rid» yz­ly-yzy­na 24 möw­süm­den bä­ri Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na we­kil­çi­lik edip gel­ýär. Soň­ky çem­pi­on «Ba­wa­ri­ýa» bi­len «Por­to» 24-nji, «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» 23-nji, «Ýu­wen­tus» 21-nji, «Olim­pia­kos» 20-nji ge­zek Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na gat­na­şar.

Italiýa. Ital­ýan klub­la­ryn­dan «La­sio» 12 ýyl­dan soň, to­par­ça­lar­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. 1 ge­zek çy­kyş eden «Par­ma­dyr» «Udi­ne­ze­niň» gat­naş­ma­ny­nyň üs­tün­den ep-es­li ýyl geç­di. Şol san­da «Fio­ren­ti­na» 15 ýyl­dan bä­ri çy­kyş ede­nok. Ku­bo­gy «Re­al Mad­rid­den» soň iň köp eýe­län 2-nji to­par «Mi­la­nyň» ady­na 7 ýyl­dan bä­ri duş gel­ne­nok. Olar 17 ge­zek çy­kyş edip­di­ler. 3 möw­süm­den bä­ri to­par­ça­la­ry ge­çip bil­me­ýän «In­ter» 14-nji ge­zek gat­na­şar. Ge­çen möw­süm­de şow­ly ne­ti­je gör­ke­zen «Ata­lan­ta» 2-nji ýo­la gat­naş­sa, ýur­duň adyn­dan iň köp we­kil­çi­lik eden to­par «Ýu­wen­tus­dyr». 29 ýyl­da 6 ge­zek fi­na­la çy­kyp, 5-sin­de utu­lan «Ýu­wen­tus» 21-nji sa­par to­par­ça­lar­da özü­ni gör­kez­ýär. Ital­iýa­nyň beý­le­ki 2 to­pa­ry-da «Ro­ma» bi­len «Na­po­li» klub­la­ry bo­lup, Rim­de 12, Nea­pol­da 6 sa­par Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň se­na­sy ýaň­lan­dy.
Germaniýa. Ger­ma­ni­ýa­da «Kai­zers­lau­tern» hem-de Ber­li­niň «Her­ta» to­pa­ry ýa­ly 2000-nji ýyl­dan öň 1 ge­zek gat­na­şan klub­la­ryň or­nu­ny hä­zir­ki wagt­da «Le­ip­sig», «Bo­rus­si­ýa M» klub­la­ry dol­dur­ýar. «Wer­der» 10, hä­zir­ki wagt­da «Bun­des­li­ga 2»-de çy­kyş ed­ýän «Ham­burg» to­pa­ry-da soň­ky ge­zek 15 ýyl öň to­par­ça­la­ra gat­na­şyp­dy.
Fransiýa. 1990-njy ýyl­la­ryň ahyr­la­ryn­da we 2000-nji ýyl­la­ryň baş­la­ry­na yzy­gi­der­li 12 ge­zek gat­na­şan we soň­ky ýa­rym fi­nal­çy­la­ryň bi­ri bolan «Li­on» to­pa­ry «Li­gue 1»-iň ir ta­mam­lan­ma­gy se­bäp­li, bu ge­zek ýa­ry­şyň da­şyn­da gal­ma­ly bol­dy. Bas­syr 9-njy, umu­my­lyk­da-da 13-nji ge­zek gat­naş­ýan PSŽ to­pa­ry Fran­si­ýa­nyň iň gör­nük­li we­ki­li ha­sap­lan­ýar. Ýa­ry­şyň ady­nyň üýt­ge­me­gin­den soň, çem­pi­on­lyk ga­za­nan il­kin­ji to­par «Mar­sel» 6 ýyl­dan soň, ýe­ne-de lä­heň­le­riň li­ga­syn­da­ky or­nu­ny al­ma­gy ba­şar­dy. Bu ola­ryň şu ýa­ryş­da­ky 10-njy baş­dan ge­çir­me­si bo­lar. Şeý­le-de «Mo­na­ko» 9, «Lill» 5, «Bor­do» 4, «Oser» 3, «Nant» bi­len «Lans» 2 hem-de «Mon­pe­lie» 1 ge­zek Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň çeş­me­sin­den suw içip gör­dü­ler.
Ispaniýa. Iň köp klub ibe­ren Is­pa­ni­ýa­nyň «La Li­ga­sy­nyň» we­kil­le­rin­den «Re­al Mad­rid» bi­len «Bar­se­lo­na» toparlaryna ýa­ry­şyň abu­na­çy­sy diý­sek, öte geç­di­gi­miz bol­maz. Olar­dan baş­ga-da, «Wa­len­si­ýa» 12 ge­zek çy­kyş eden bol­sa,, «At­le­ti­ko Mad­rid» 11, Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň iň şow­ly klu­by «Se­wil­ýa» 6-njy sa­par gat­na­şar. 2000-nji ýyl­dan baş­lap yz­ly-yzy­na 5 ge­zek gat­na­şan «De­por­ti­wo» to­pa­ry hä­zir­ki wagt­da 3-nji lig­ada çy­kyş ed­ýär. 2006-njy ýyl­da ýa­rym fi­na­la çen­li çy­kan «Wil­ýar­re­al» 3, «At­le­tik Bil­bao» we «Re­al So­sie­dad» klub­la­ry 2 ge­zek at­la­ry­ny to­par­ça­la­ra ýaz­dyr­ma­gy ba­şa­ryp­dy­lar. Ýy­gy-ýy­gy­dan aşa­ky li­ga düş­ýän «Mal­ýor­ka» bi­len «Ma­la­ga», «Be­tis», şol san­da «Sel­ta» to­par­la­ry-da 1 ge­zek­lik hem bol­sa, bu bag­ta ýe­ten beý­le­ki to­par­lar­dyr.
Angliýa. Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­dan yz­ly-yzy­na 19 möw­süm gat­na­şan «Ar­se­na­la» 4 ýyl­dan bä­ri «Pre­mi­er Li­ga­da» il­kin­ji 4-lü­ge düş­mek ba­şar­da­nok. 2 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» 23-nji, edil şo­nuň ýa­ly «Li­wer­pul» 13-nji sa­par we­kil­çi­lik eder. 2004–2016-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da yz­ly-yzy­na 13 ge­zek gat­na­şan «Çel­si», umu­my­lyk­da 17-nji sa­par çy­kyş edip, bu ugur­da 3-nji ýe­ri eýe­le­ýär. «Man­çes­ter Si­ti» 10-njy ge­zek gat­na­şar. «Tot­ten­ham» şu wag­ta çen­li 5, «Nýu­kasl» 2, «Pre­mi­er Li­ga­da» ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan «Bläk­börn» bi­len «Les­ter Si­ti» hem-de «Lids Ýu­naý­ted» 1 ge­zek çy­kyş et­di­ler.
Russiýa. Il­kin­ji ge­zek bir möw­süm­de 3 klub bi­len we­kil­çi­lik ed­ýän rus to­par­la­ry «Ze­nit» 8-nji, «Lo­ko­mo­tiw» 6-njy sa­par ýa­ry­şa gat­naş­ýar. Bu ugur­da Mosk­wa­nyň «Spar­ta­gy» bi­len SSKA-sy, de­giş­li­lik­de 12 hem-de 10 ge­zek gat­na­şyp, 1–2-nji orun­la­ry eýe­le­ýär­ler. Şeý­le-de «Ru­bin» 2, «Ros­tow» 1 ge­zek to­par­ça­lar­da çy­kyş et­di.
Portugaliýa. Mu­nuň ter­si­ne, eý­ýäm 2 möw­süm­den bä­ri ýe­ke klub bi­len we­kil­çi­lik ed­ýän Por­tu­ga­li­ýa­dan wag­tal-wag­tal 3 to­par gat­na­şyp­dy. Hä­zir­ki wagt­da «Por­to» bu bäs­le­şik­de ýur­duň ab­ra­ýy­ny go­ra­ýan ýe­ke-täk to­par hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Ýur­duň iň köp çem­pi­on bo­lan to­pa­ry «Ben­fi­ka­nyň» 15, paý­tag­tyň we­ki­li «Spor­tin­giň» 8, şol san­da «Boa­wiş­ta» bi­len «Bra­ga­nyň» at­la­ry­na 2 ge­zek duş ge­lin­di.
Türkiýe. 40 ýyl­dan soň, 3 uly to­pa­ry Ýew­ro­ku­bok­la­ryň da­şyn­da ga­lan Tür­ki­ýä­niň adyn­dan il­kin­ji ge­zek tä­ze çem­pi­on «Is­tan­bul Ba­şak­şe­hir» we­kil­çi­lik eder. 6 ge­zek gat­na­şyp, 1 ge­zek çär­ýek fi­na­la çen­li çyk­ma­gy ba­şa­ran «Fe­ner­bah­çe», şol san­da 1 sa­par sa­na­wa go­şu­lan «Bur­sas­por» bi­len «Trab­zons­por» to­par­la­ry­nyň we­kil­çi­lik et­me­gi­niň üs­tün­den köp ýyl­lar geç­di. Ýur­duň adyn­dan iň köp we­kil­çi­lik eden klub «Ga­la­ta­sa­raý» bo­lup, Jim Bom 15 ge­zek lä­heň­ler bi­len bäs­leş­di. «Be­şik­taş» to­pa­ryn­da bu gör­ke­zi­ji 7-ä deň­dir.
Niderlandlar. Ma­hal-ma­hal 3 klub bi­len ýa­ry­şa gat­na­şan Ni­der­land­la­ryň hä­zir­ki wagt­da di­ňe çem­pio­ny­na ýol­lan­ma al­mak ba­şard­ýar. Ni­der­land­la­ra soň­ky 15 ýyl­da di­ňe 2 sa­par 2 klub bi­len gat­naş­mak mi­ýes­ser et­di. Ýur­duň 3 uly klu­bun­dan iň köp «Aýaks» bi­len PSW to­par­la­ry 16 ge­zek gat­naş­dy­lar. «Fe­ýe­noord» to­pa­ry­na-da bu ar­zy­ly ýa­ryş­da 5 ge­zek çy­kyş et­mek ba­şart­dy. «Wil­lem II», «Hee­ren­we­en», «AZ Alk­ma­ar» hem-de «Twen­te» to­par­la­ry­nyň-da ýo­ly bir ge­zek düş­di.

Beýlekiler. Şot­lan­di­ýa­dan di­ňe 2 klub – «Reýn­jers» bi­len «Sel­tik» we­kil­çi­lik edip, ola­ryň her­si 10 ge­zek ýa­ry­şyň fi­nal tap­gy­ry­na ýol­lan­ma al­dy. Edil şo­nuň ýa­ly, Uk­rai­na­dan hem 2 klub – «Di­na­mo Ki­ýew» bi­len «Şaht­ýor Do­nesk» gat­na­şyp, ola­ryň bi­rin­ji­si 17-nji, ikin­ji­si bol­sa 15-nji sa­par çy­kyş eder. Şot­lan­di­ýa­dyr Uk­rai­na­dan 1 klub ar­tyk we­kil ug­ra­dan Gre­si­ýa­nyň «Olim­pia­kos» to­pa­ry 20 ge­zek çy­kyş edip, ol iň köp gat­na­şan to­par­la­ryň ha­ta­rynda gör­ke­zil­ýär. 10 ýyl­dan bä­ri sa­na­wa go­şu­lyp bil­me­ýän «Pa­na­ti­na­kos» 9, şeý­le-de AEK 5 ge­zek we­kil­çi­lik et­di.
Ýew­ro­pa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky ýurt­la­ryň – Finl­ýan­di­ýa­nyň, Şwe­si­ýa­nyň, Nor­we­gi­ýa­nyň we­kil­le­ri köp wagt­dan bä­ri ýa­ry­şyň da­şyn­da gal­ýar. Di­ňe 1 klu­by – HJK bi­len we­kil­çi­lik eden fin­le­riň ýa­ry­şa gat­naş­ma­ny­na 23 möw­süm bol­dy. Bu gör­ke­zi­ji Nor­we­gi­ýa­nyň to­par­la­ryn­da 13 möw­sü­me deň­dir. 8-si yz­ly-yzy­na je­mi 11 ge­zek gat­na­şan «Ro­sen­borg» nor­weg­le­riň bu ýa­ryş­da çy­kyş eden 2 klu­bu­nyň bi­ri­dir. Beý­le­ki­si 1999–2000 möw­sü­min­de «Ro­sen­borg» bi­len bi­le gat­na­şan «Mol­de» to­pa­ry­dyr. Ir­ki ýyl­lar­da, aý­ra­ty­nam «Gýo­te­borg» to­pa­ry bi­len 4 ge­zek gat­na­şan şwed­ler en­çe­me ýyl­dan soň, «Mal­mö» bi­len 2 ge­zek yz­ly-yzy­na çy­kyş edip­di. AIK bi­len «Hel­sin­borg» to­par­la­ry-da 1 ge­zek öz bag­ty­ny sy­nap gö­rüp­di­ler. Hä­zir­ki wagt­da 5 möw­süm­den bä­ri bu ýa­ryş­da şwed klub­la­rynyň ady ag­za­la­nok.

Di­ňe 2 to­pa­ry gat­na­şan Pol­şa­dyr Bol­ga­ri­ýa­nyň klub­la­ry-da 4 ýyl­dan bä­ri ýa­ry­şyň da­şyn­da gal­ýar. Mun­dan 24 ýyl ozal çär­ýek fi­na­la çen­li çy­kan «Le­gia» 2016–2017 möw­sü­min­de-de gat­na­şyp­dy. Pol­ýak­la­ryň beý­le­ki to­pa­ry-da «Wid­zew Lods» 1996–1997 möw­sü­min­de çy­kyş edip­di. Bol­gar­lar­da­nam «Lews­ki So­fi­ýa» 1, «Lu­do­go­res» 2 ge­zek yk­ly­myň iň uly ýa­ry­şy­na go­şul­dy. Wag­tal-wag­tal şow­ly ne­ti­je­ler ga­za­nan be­la­rus to­pa­ry «BA­TE Bo­ri­sow» hem ýur­du­nyň adyn­dan çykyş edýän ýe­ke-täk we­kildir. Topar je­mi 5 sa­par ýol­lan­ma alyp, soň­ky ge­zek 2015–2016 möw­sü­min­de çy­kyş edip­di. Edil şo­nuň ýa­ly, ys­ra­ýyl klub­la­ry­na-da 5 ýyl­dan bä­ri saý­la­ma ýa-da pleý-off tap­gyr­la­ry­ny geç­mek ba­şar­da­nok. Haý­fa bi­len Tel Awiw şä­her­le­ri­niň «Mak­ka­bi» klub­la­ry 2 ge­zek­den çy­kyş eden bol­sa, Tel-Awi­wiň «Ha­poe­l» topary 1 sa­par ýa­ry­şa go­şul­dy.
4 klu­by gat­na­şan Ru­my­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri­niň soň­ky ge­zek çy­kyş ede­ni­ne 7 ýyl bol­dy. Mun­dan 12 möw­süm ozal, 2 ru­myn to­pa­ry­nyň – «Stýaua» bi­len «KFR Klu­žuň» bi­le­lik­de gat­na­şan­dy­gy­ny hem bel­lemek gerek. Hä­zir­ki wagt­da ady­ny FCSB di­ýip üýt­ge­den ozal­ky «Stýaua» 7, «KFR Kluž» 3, şeý­le-de «Uni­rea Ur­zi­se­ni» bi­len «Ose­lul Ga­la­si» 1 ge­zek fi­nal tap­gy­ryň bi­je çe­ki­li­şi­gi­ne gat­naş­dy. Çeh klub­la­ry­nyň 3-si je­mi 12 ge­zek we­kil­çi­lik edip, ola­ryň 7-si «Spar­ta­nyň» pa­ýy­na düş­ýär. «Wik­to­ri­ýa Plzen» 3, «Sla­wi­ýa» 2 ge­zek gat­naş­dy.

5 to­par bi­len je­mi 13 ge­zek gat­na­şan şweý­sar klub­la­ryn­dan «Ba­zel» 8, «Grass­hop­per» 2, «Tun», «Sü­rih» hem-de «Ýang Boýz» 1 sa­par we­kil­çi­lik et­di.
10 möw­süm­den bä­ri azyn­dan 1 klub bi­len we­kil­çi­lik ed­ýän Bel­gi­ýa­nyň to­par­la­ryn­dan «An­der­leh­tiň» gat­naş­man­dy­gy­na 3, «Stan­dard Lie­žiň» gat­naş­man­dy­gy­na-da 11 ýyl bol­dy. «An­der­leht» şu wag­ta çen­li 11 ge­zek gat­na­şan bol­sa, «Klub Brýug­ge» 8-nji sa­par ýa­ry­şa go­şu­lar.
3 saý­la­ma tap­gy­ry­ny ge­çip il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan «Midt­ýul­lan­nyň» sa­na­wa go­şul­ma­gy bi­len ýa­ryş­da çy­kyş et­jek Da­ni­ýa­nyň to­par­la­ry­nyň sa­ny 5-e ýet­di. Olar umu­my­lyk­da 9-njy sa­par we­kil­çi­lik eder­ler. Şol 9 we­kil­çi­li­giň 4-si «Ko­pen­ga­ge­niň» pa­ýy­na düş­ýär. «Ol­borg» 2, «Brond­bi» bi­len «Nor­şel­lann» to­par­la­ry-da 1 ge­zek gat­naş­dy­lar.
3 to­par bi­len («Ko­si­se», «Pet­ra­žal­ka», «Ži­li­na») we­kil­çi­lik eden we her to­pa­ry-da 1 ge­zek gat­na­şan Slo­wa­ki­ýa­nyň klub­la­ry-da 10 möw­süm­den bä­ri bu ýa­ryş­da gör­ne­nok.