Şu gün – 13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň ХII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň esasy hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylda başyny başlan düýpli ylmy işiniň dowamy bolan kitabyň täze jildiniň aýratyn ähmiýetini Türkmenistanyň baý dermanlyk ösümliklerini, olaryň adam bedenine berýän peýdasy, ýokumlylygy barada, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň wajyplygy, arassaçylyk-gigiýenanyň dogry berjaý edilmegi dogrusynda giňişleýin maglumat berildi.

Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň hakyky ensiklopediýasyna öwrülen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitaby soňky ýyllaryň dowamynda diňe bir ýurdumyzyň lukmanlary we derman senagatynyň işgärleri üçin däl, eýsem, dünýäniň köp halklarynyň diline terjime edilmegi arkaly öwrenmek mümkinçiligi bolan köp sanly daşary ýurtlaryň hünärmenleri üçin fitoterapiýa boýunça ähmiýetli gollanma öwrüldi. Täze neşiriň sahypalarynda ýerli dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik aýratynlyklary, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmak bilen baglanyşykly meseleler jikme-jik beýan edilýär. Häzirki döwürde käbir dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik ähmiýeti resmi ylmy lukmançylykda ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimizi kitapda ýabany ösümlikler bilen okyjylary ylmy nukdaýnazardan tanyşdyrýar. Kitabyň sahypalarynda şolaryň suratlary, maglumatlar, biologik aýratynlyklary, ýaýran ýerleri, tebigy gorlary, dermanlyk serişdeleri, himiki düzümi, ulanylyşy, taýýarlamagyň we peýdalanmagyň usullary takyk tertipnama esasynda görkezilýär. Hormatly Prezidentimiziň ylmy işiniň nobatdaky jildi hem ozalky jiltleri ýaly köpçülikleýin nusgadadyr. Ýurdumyzyň ajaýyp ýerleriniň owadan suratlary, ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi we dermanlyk serişdeleri ýygnamagyň senenamalary bu kitabyň mazmunyny has-da baýlaşdyrypdyr.

Bu täze neşiriň çuňňur öwrenilmeginiň we wagyz edilmeginiň wajypdygyny nygtap, ösümlikler we olaryň bejeriş aýratynlyklary hakynda ylmy maglumatlary özünde jemleýän bu kitabyň giň okyjylar köpçüligine gürrüňsiz gyzykly boljakdygyny we ähli adamlar üçin ýakyn maslahatça öwrüljekdigini bellärliklidir.

Aýsenem ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.