Älem giňişligini öwrenmekde soňky ýyllarda has köp maýa goýum özleşdirýän Hytaý kosmos syýahatçylygyndan hem paý almak isleýär. Häzirki wagtda syýahatçylyk maksady bilen atmosferanyň daşyna çykmak gymmat hem-de köp wagt talap edýär. Hytaýyň täze taslamasy bu adaty bolmadyk syýahaty has köp adam üçin elýeterli etmegi göz öňünde tutýar. Ilkinji gezek mundan 15 ýyl ozal jahankeşdelik maksady bilen kosmosa çykylypdy. Häzire çenli bu hyzmatdan bary-ýogy ýedi adam peýdalandy. Hytaýyň Hangžou şäherinde kosmosa şar bilen gitmegi ýola goýmak maksady bilen täze desganyň guruljakdygy mälim edildi. Toplumyň gurluşygy üçin 1,5 milliard dollar özleşdiriler. Bu ýerde älem giňişligine gitjekler Ýeriň dartyş güýjüniň ýok ýerinde ýörite okuw sapaklaryny geçerler. Şeýle hem atmosferanyň daşyna gaýybana çykmak üçin merkez bolar. Bu usul oňa gatnaşanlarda özlerini edil asman giňişligindäki ýaly duýmaga mümkinçilik döreder.
Täze dörediljek desgadan kosmos syýahatyna gitjek ýolagçylar Ýerden o diýen uzaga gitmezler, ýöne planetamyza has uzakdan seretmäge mümkinçilik alarlar. Olar 24 kilometr belende çykarlar. Bu uçuşlarda şarlardan peýdalanylmagy beýleki usullardakydan has arzan düşer. Sebäbi olary hem ýasamak arzan, hem-de gaýtadan ulanyp bolýar. Emma taýýarlamak üçin ep-esli pul sarp edilýän raketalary diňe bir gezek ulanyp bolýar. Taslamany durmuşa geçirjek “KuangChi” firmasy kosmosa syýahatyň haçan başlajakdygy barada entek maglumat bermedi. Amerikanyň “World View Enterprises” firmasy bolsa, älem syýahatçylygyna gatnaşjak ýolagçylaryň petekleriniň nyrhyny 75 müň dollar diýip kesgitledi. Bu taslamalar adamlary kosmosyň çuňluklaryna äkitmese-de, olarda üýtgeşik duýguny döreder.