15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi onlaýn görnüşde alymlaryň halkara duşuşygyny gurady.

Maslahat «Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti» atly mowzuk bilen baglanyşykly boldy. Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen wideomaslahat bilen birlikde, alymlar tarapyndan ýurdumyzyň dürli ýadygärliklerinde ýüze çykarylan tapyndylaryň sergisi guraldy.

Duşuşykda Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň orunbasary Natalýa Solowýowa Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Ýylgyndepe eneolit ýadygärligini öwrenmek boýunça köpýyllyk türkmen-rus hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Bolon uniwersitetinden doktor Barbara Çerazetti çykyşyny Murgap derýasynyň gadymy hanasynda otuz ýylyň dowamynda geçirilen italýan-türkmen ylmy-barlaglaryna bagyşlady.

Taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa Goňurdepede soňky ýyllarda geçirilen türkmen-russiýa ylmy barlaglarynyň netijeleri barada gürrüň berdi. Professor Linni Rouz Gadymy Marguşyň çägindäki ýadygärlikleri öwrenmek boýunça türkmen-amerikan taslamasy bilen tanyşdyrdy. Doktor Hulio Bendezu-Sarmento we doktor Joanna Lýuilýe bilelikdäki çykyşyny «Ulugdepe — Merkezi Aziýa siwilizasiýasynyň gözbaşy: fransuz-türkmen arheologik ekspedisiýasynyň ylmy-barlaglary» diýip atlandyrdylar.

Professor Karlo Lippolis türkmen-italýan arheologik ekspedisiýasynyň Köne Nusaýda 2019-njy ýylda geçiren ylmy barlaglarynyň netijeleri barada habar berdi. Oksforddan doktor Pol Wordstwort hem-de Nýu-Ýorkuň Metropoliten sungat muzeýinden doktor Martina Rugiadi Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän, orta asyrlara degişli Daňdanakan hem-de Kuşmeýhan ýadygärliklerinde halkara hyzmatdaşlygyň ilkinji netijeleri barada gürrüň berdiler.

Doktor Hose Luis Blesa Dehistanyň çäginde geçirilen türkmen-ispan arheologik ylmy-barlaglary barada aýtdy.

Londonyň Uniwersitet kollejiniň ýüpek ýoly kafedrasynyň professory öz çykyşyny Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň maglumatlarynyň elektron binýadyny döretmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga bagyşlady.