16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň karz berýän edaralary tarapyndan ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gündelik sarp edilýän harytlary satyn alnanda raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek üçin, her bir raýatyň ýüztutmasy esasynda onuň aýlyk zähmet hakynyň 40 göteriminden üç essesine çenli möçberde gysga möhletli karzlary resmileşdirmegi tizleşdirmek maksady bilen, kiçi möçberli karzlar üçin “Owerdraft karty” atly täze bank kartyny işe girizmek teklip edilýär.

Bu hyzmat nagt däl hasaplaşyklarda müşderiniň hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, karz edarasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda müşderiniň hasabyny kesgitlenen çäklerde karzlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda müşderiniň hasabyna serişde gelip gowşanda bellenen tertipde karz gaýtarylýar. Şeýle-de degişli şertnamanyň hereket edýän döwründe karz gaýtarylandan soňra, goşmaça şertnama baglaşmazdan karzy gaýtadan ulanmak mümkinçiligi döreýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň döwlet we paýdarlar we täjirçilik banklary tarapyndan çykarylmagy meýilleşdirilýän bu kartyň nusgalary hödürlenildi. Şu taslamalar taýýarlanylanda milli öwüşginde we döwrebap görnüşde beýan edilen şekiller göz öňünde tutuldy.

Milli Liderimiz sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýurdumyzyň bank ulgamynda amala aşyrylýan işleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, döwrebap tehnologiýalara esaslanýan nagt däl hasaplaşyklaryň gurallaryny, şol sanda töleg kartlaryny ornaşdyrmagyň geljegi uly meýilnamalaryň hatarynda durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ilata hödürlenilýän, şol sanda Internet ulgamynyň we ykjam aragatnaşygyň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işlere kanagatlanma bildirip, “Owerdraft karty” atly täze bank kartynyň nusgalaryny makullady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.