«Glo­bal Fly­way Net­work» yl­my-bar­lag eda­ra­sy Al­ýas­ka­dan Tä­ze Ze­lan­di­ýa çen­li hiç ýer­de gon­maz­dan uçan gu­şy anyk­la­dy. Or­ni­to­log­lar bu gu­şy tap­mak üçin ýö­ri­te en­jam­la­ryň kö­me­gi bi­len guş­la­ry yzar­la­dy­lar. Ne­ti­je­de bat­ga­lyk­lar­da ýa­şa­ýan bu gu­şuň 12 müň 854 ki­lo­metr ara­ly­gy uçup ge­çen­di­gi anyk­lan­dy. Alym­lar ha­sap­la­ma­lar­da bo­lup bil­jek ýal­ňyş­lyk­la­ry göz öňün­de tu­tup, ha­ky­ky ara­ly­gy 12,200 ki­lo­metr di­ýip kes­git­le­di­ler. Şol bir wag­tyň özün­de gu­şuň bu dö­wür­de hiç wagt dur­man­dy­gy ýü­ze çyk­aryl­dy. Bu ba­ra­da «The Gu­ar­di­an» ne­şi­rin­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da bu guş­la­ryň ara­syn­da uzak ara­ly­gy uçup geç­mek ba­bat­da re­kord ha­sap­la­nyl­ýar. Mun­dan ozalky rekord 2007-nji ýyl­da ha­sa­ba al­nyp­dy we şol guş 11 müň 680 ki­lo­metr ge­çip­di.

Döw­let­my­rat BER­DI­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.