Agaç ek­mek ho­wa­nyň aras­sa­lan­ma­gy­na, te­bi­ga­tyň has owa­dan bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Em­ma be­ýik dag etek­le­rin­de, kert ga­ýa­la­ryň de­pe­le­rin­de nahal ek­mek aň­sat däl. ABŞ-da “Dro­ne­Se­ed” at­ly kom­pa­ni­ýa dag de­pe­le­ri­ni ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­me­giň amat­ly usu­ly­ny ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär. Ýu­waş um­ma­ny­nyň ke­na­ryn­da­ky de­pe­le­re uç­ýan ki­çeň­räk sü­rü­ji­siz ho­wa gä­mi­le­ri dron­lar ar­ka­ly na­hal ekil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. Agaç­la­ryň ho­wa­ny aras­sa­la­ýan­dy­gy­ny in­di bil­me­ýän ýok. “Dro­ne­Se­ed” kom­pa­ni­ýa­sy te­bi­ga­tyň aras­sa bol­ma­gy­na go­şant goş­mak is­le­ýän to­kaý­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry we daş­ky gur­şa­wyň aýaw­ly sak­lan­ma­gy ug­run­da iş alyp bar­ýan gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.
Ýu­waş um­ma­ny­nyň bu ke­na­rynyň kert ga­ýa­la­ryn­da agaç ek­mek aň­sat iş däl. Em­ma dron­lar bu se­bi­tiň is­len­dik ýe­ri­ne ba­ryp, go­nup bil­ýär. Şeý­le hem ol ýe­riň top­rak şert­le­ri­niň na­hal oturtmaga ýa­ram­ly­dy­gy­ny anyk­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Agaç­la­ryň ke­si­len ýer­le­riniň gaý­ta­dan gö­ger­me­gi üçin der­man se­pil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu usul di­ku­çar­la­ryň kö­me­gi ýa-da adam eli bi­len ama­la aşy­ryl­ýar. Indi bu işleri ama­la aşyr­mak üçin ýö­ri­te taý­ýar­la­nan “Dro­ne­Se­ed” 11 litr­lik ýü­ki gö­te­rip bil­ýär.

Sa­gat­da 800 na­hal
Na­ha­ly öz ýa­ny bi­len äkid­ýän bu dron­la­ryň tiz­li­gi sa­gat­da 384 ki­lo­met­re ýet­ýär. Bir sa­gat­da 800 na­hal ekip bil­ýär. Şonçarak nahaly ekmek üçin üçin bir adam bir gü­nüni sarp etmeli bolýar. Bu bol­sa, ola­ryň iş­le­ri­ni ep-es­li ýe­ňil­leş­di­rer we edil­ýän çyk­da­jy­ny azal­dar. Şe­re­ket ýa­kyn gel­jek­de to­kaý­lyk meý­dan­la­ry der­man­la­ma­ga gi­riş­me­gi mak­sat edin­ýär.