El bi­len hat ýaz­ma­gyň öw­ren­me­gi has ýe­ňil­leş­dir­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Nor­we­gi­ýa­nyň Bi­lim we teh­no­lo­gi­ýa uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Od­ri wan der Mee­riň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän to­pa­ry bu ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin yl­my iş taý­ýar­lap­dyr­lar. «Fron­tiers in Psycho­lo­gy» žur­na­lyn­da ýaý­ra­dy­lan mag­lu­ma­ta gö­rä, sy­na­ga 12 ça­ga hem-de uly ýaşlylaryň 12-si gat­na­şyp­dyr. Sy­na­ga gat­na­şan­lar ek­ran­da­ky ha­ty ga­lam ýa-da kla­wia­tu­ra ar­ka­ly gö­çü­rip alyp­dyr­lar. Neti­je­de, ga­lam bi­len ýa­zy­lan pur­sa­tyn­da adam­la­ryň beý­ni­si­niň has iş­jeň bol­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr. Wan der Me­er ka­gyz-ga­la­myň ula­nyl­ma­gy­nyň beý­ni­niň pur­sat­la­ra ýa­pyş­ma­gy üçin «çeň­ňek ok­la­ýan­dy­gy­ny» bel­le­ýär. Pro­fes­sor el bi­len hat ýaz­ma­gyň beý­ni­niň kä­bir bö­lüm­le­rin­de has köp iş­jeň­li­ge se­bäp bol­ýan­dy­gy­ny we ga­la­my­ ka­gy­za deg­re­ni­ňiz­de, ha­ty gö­re­ni­ňiz­de we ýa­zy­lan­da çyk­ýan se­si eşi­de­ni­ňiz­de bir­nä­çe duý­gy­nyň he­re­kete geç­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Ne­ti­je­de, el­de ýa­zyp öw­ren­ýän ada­m has go­wy öw­ren­ýär we ýa­zy­lyp öw­re­ni­len zat unu­dyl­ma­ýar. Pro­fes­sor Wan der Me­er äh­li ça­ga­la­ryň owa­dan hat ýaz­ma­gy öw­ren­me­li­di­gi­ni bel­le­ýär.

Ýe­gen­my­rat Ila­ma­now,
«Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­niň Po­li­teh­ni­ki or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.