Fransuz zenany Odil Reno-Basso Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň dört ýyllyk prezidenti boldy. Şeýle karar bankyň dolandyryjylar geňeşiniň Londondaky baş edarasynda geçiren maslahatynyň barşynda kabul edildi. Bu barada Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň beýanatynda mälim edilýär. 55 ýaşly Odil Reno-Basso bu wezipä 2012-nji ýyldan bäri yzly-yzyna iki gezek guramanyň prezidenti bolup işläp gelýän britaniýaly Suma Çakrabartiniň ornuna geldi.
Soňky ýyllarda Odil Reno-Basso Fransiýanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň gazna müdirliginiň baş dolandyryjysy, şeýle hem, Ýewropa Bileleşiginiň Maliýe we ykdysady komitetiniň başlygynyň orunbasary ýaly wezipelerde işledi.