Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­na il­kin­ji ge­zek ze­nan ýol­baş­çy­lyk eder. Da­laş­gär­ler­den bi­ri Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň söw­da mi­nist­ri Ýu Mýon Hi. Onuň bi­len Ni­ge­ri­ýa­nyň ma­li­ýe mi­nist­ri Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la bäs­le­şer.
– Jem­leý­ji tap­gy­ra çy­kan ze­nan­la­ryň iki­si-de ýo­ka­ry hü­när­li. Hem­me­ler ra­zy. Ze­nan­lar il­ki­baş­dan biz­de oňat tä­sir gal­dyr­yp, mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mek­de baý tej­ri­be­le­ri bar – di­ýip, gu­ra­ma­nyň met­bu­gat sek­re­ta­ry Kit Rok­well aýt­dy.
2013-nji ýyl­dan bä­ri BSG-niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ni bra­zi­li­ýa­ly Ro­ber­to Aze­we­do eýe­läp gel­ýär­di. Ýö­ne ol maý aýyn­da möh­le­tin­den bir ýyl öň işin­den çe­kil­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Onuň BSG-dä­ki iň soň­ky iş gü­ni 31-nji aw­gust­da bol­dy. Aze­we­do maş­ga­la ýag­da­ýy se­bäp­li şeý­le ka­ra­ra gel­me­li bo­lan­dy­gy­ny aýt­dy.
Mýon Hi 1967-nji ýyl­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ul­san şä­he­rin­de dün­ýä in­di. Hä­zir­ki wagt­da Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň söw­da mi­nist­ri we­zi­pe­si­ni eýe­le­ýär. Mýon Hi ýurt­da bu we­zi­pä­ni eýe­län il­kin­ji ze­nan­dyr.
Okon­jo-Iwea­la bol­sa, 1954-nji ýyl­da Ni­ge­ri­ýa­nyň Og­wa­şi-Uku şä­he­rin­de dün­ýä in­di. BSG-niň in­ter­net sa­hy­pa­sy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, ol Ni­ge­ri­ýa­nyň ma­li­ýe mi­nist­ri, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri we bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň do­lan­dy­ry­jy mü­di­ri bo­lup iş­le­di.