Ho­wa­nyň sal­kyn gün­le­rin­de sa­ça­gy­ňyz­da sa­ry, gy­zyl, ýa­şyl we na­rynç reňk­li mi­we­dir gök önüm­le­riň bol­ma­ly­dy­gy­ny unut­maň!
Dog­ry iý­mit­len­mek be­de­ni­ňi ber­ki­dip, bir­nä­çe ke­sel­le­riň dö­re­me­gi­niň öňü­ni al­ýar. Mu­nuň üçin güýz pas­ly­nyň do­wam ed­ýän şu gün­le­rin­de dür­li reňk­li gök önüm­le­ri has köp iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Güýz pas­lyn­da üzü­miň dür­li gör­nüş­le­ri­, in­jir, al­ma, nar, ar­myt, man­da­rin, pyr­ty­kal, greýp­frut, ba­nan, be­ýi, hur­ma ýa­ly mi­we­ler bol bol­ýar. Şeý­le hem ak we gy­zyl ke­lem, ys­ma­nak, şal­gam, şu­gun­dyr, ak turp, ga­ra turp, kä­şir, kä­di, po­mi­dor, ba­dam­jan ýa­ly bak­ja ekin­le­ri bi­len bir ha­tar­da dür­li gör­nüş­li ot­lar köp bol­ýar.
Dün­ýä­de iň köp ha­sy­ly alyn­ýan we sarp edil­ýän mi­we­le­riň bi­ri bo­lan al­ma­ny ter­li­gi­ne iý­mek has peý­da­ly­dyr. Al­ma­nyň ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň we beý­le­ki kä­bir ke­sel­le­riň öňü­ni al­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Ýag we pro­te­in­le­re baý bo­lan mi­we­le­riň bi­ri hem hur­ma ha­sap­lan­ýar. Bu mi­wä­niň dü­zü­min­de nat­riý, ka­liý, kal­siý, mag­niý, de­mir, kü­kürt, fos­for we hlor ýa­ly peý­da­ly mad­da­lar bol­ýar. Şeý­le hem, hur­ma­da A, B1, B2, B3 we B6 wi­ta­min­le­ri­ bar. Hur­ma­nyň so­wuk­la­ma­ haý­ry­nyň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Sit­rus önüm­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan greýpf­rut C wi­ta­mi­ni­ne örän baý­dyr. Şol se­bäp­li bu miwe adam be­de­ni­ni ber­kit­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Pyr­ty­ka­la ga­ra­nyň­da has ýi­ti ta­ga­my bol­ýan bu mi­we iş­däa­çar­la­ra hem go­şul­ýar. A wi­ta­mi­ni, ka­liý, B5 wi­ta­mi­ni ýa­ly mad­da­la­ra baý bo­lan bu mi­wä­niň ho­les­te­ri­ni azal­dy­jy hä­si­ýe­ti bar.
Ar­my­dyň dü­zü­min­de fos­fo­ryň we B wi­ta­mi­ni­niň bol­ma­gy ýa­daw­ly­gy aýyr­ma­ga ýar­dam edip, mi­we be­den­dä­ki ho­les­te­ri­ni ka­da­ly sak­la­ýar.
Beý­le­ki sit­rus önüm­le­rin­de bol­şy ýa­ly man­da­rin hem C wi­ta­mi­ni­ne we be­ta-ka­ro­te­ne baý bol­ýar. Dü­zü­min­de köp muk­dar­da ka­li­niň bol­ma­gy gan ba­sy­şy­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Beý­le­ki bir­nä­çe gök önümler­den gy­şa du­ru­jy­ly­gy has ýo­ka­ry bo­lan kä­di A, B, C, E we K wi­ta­min­le­ri­ne, dem­re we mar­ga­ne­se hem baý­dyr. Kä­di­den di­ňe na­har däl, eý­sem, süý­jü­lik taý­ýar­lanyp iýil­se hem peý­da­ly­dyr.
Kä­şi­riň dü­zü­min­dä­ki A wi­ta­mi­ni göz üçin örän peý­da­ly­dyr. Be­ta-­ka­ro­ten bol­sa, be­de­niň ke­sel­le­re gar­şy du­ru­jy­lyk uky­byny art­dyr­ýar. Şeý­le hem, kä­şi­riň dü­zü­min­dä­ki mad­da­lar ga­ny aras­sa­lap, gan aý­la­nyş ul­ga­my­ny ka­da­laş­dyr­ýar.
Ys­ma­na­gyň dü­zü­min­de A, C, E, K wi­ta­min­le­ri bi­len bir ha­tar­da köp muk­dar­da ka­liý, nat­riý, kal­siý, mis, de­mir, mag­niý, sink mi­ne­ral­lar bol­ýar.

Öwez­ne­pes Orazgeldiýew, My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.