Ýer ýü­zü­niň 71 gö­te­ri­mi suw­dan eme­le gel­se-de, onuň ulan­ma­ga ýa­ram­ly muk­da­ry örän az­dyr. Şo­nuň üçi­nem, gün­de­lik ýa­şaý­şy­myz­da su­wy tyg­şyt­ly ulan­mak te­bi­gy çeş­me­le­riň aýawly saklanmagy üçin äh­mi­ýet­li­dir.

Kra­ny ýa­pyň!
Di­şi­ňi­zi çot­ga­la­ýan wag­ty­ňyz ýa-da ýü­zü­ňi­ze ti­mar be­re­ni­ňiz­de suw kra­ny­ny ýa­pyň! Şeý­le et­mek bi­len siz mi­nut­da al­ty litr su­wy tyg­şyt­lap bi­ler­si­ňiz.

Ham­mam­da su­wy tyg­şyt­laň!
Ham­ma­ma gi­re­ni­ňiz­de wan­na­ny dol­dur­ma­gyň ýe­ri­ne du­şy ulan­mak ar­ka­ly ula­nyl­ýan su­wy 25 gö­te­rim tygşytlap bi­ler­si­ňiz. Du­şa gi­ren wag­ty­ňyz hem eg­len­mez­li­ge en­dik edi­niň! Eger ham­mam­da­ky suw ak­ýan en­jam­la­ry­ňyz­da nä­saz­lyk ýü­ze çy­ka­nyn­da, ola­ry çal­şyr­ma­gyň ug­ru­na çy­kyň!
Ba­zar­lar­dyr dü­kan­lar­da su­wy tyg­şyt­la­mak mak­sa­dy bi­len ön­dü­ri­len en­jam­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi­ne ga­bat gel­mek bol­ýar. Ada­ty en­jam­lar­dan mi­nut­da 15-20 lit­re çen­li suw ak­ýan bol­sa, tyg­şyt­ly­ly­gy göz öňün­de tu­tu­lan en­jam­lar­da bu muk­dar 9-10 lit­re çen­li azal­ýar.

Gök önüm­le­ri
ga­byň için­de ýu­wuň!
Gök we bak­ja önüm­le­ri­ni ýu­wa­ny­ňyz­da akyp du­ran kra­nyň aşa­gyn­da däl-de, suw­ly gap­da ýu­wuň! Önüm­le­ri aras­sa­la­mak üçin yzy­gi­der­li açyk du­ran su­wy ulan­sa­ňyz, bir ýy­lyň do­wa­myn­da 18 ton­na su­wy is­rip et­di­gi­ňiz bo­lar. Suw­ly gap ulan­mak ar­ka­ly mu­nuň öňü­ne ge­çip bi­ler­si­ňiz.

Kir we gap-ça­nak ýu­wu­jy­la­ry
do­lu­ly­gy­na iş­le­diň!
Hä­zir­ki wagt­da öý­de ula­nyl­ýan tok­ly kir ýu­wu­jy­dyr gap-ça­nak ýu­wu­jy­la­ryň bel­li bir ka­bul ed­ýän göw­rü­mi bol­ýar. Ola­ry iş­le­de­ni­ňiz­de bu göw­rü­mi do­ly ulan­mak mas­la­hat be­ril­ýär. My­sal üçin, iki-üç sa­ny gap üçin ýa-da ýe­ke­je köý­nek üçin ýu­wu­jy­la­ry iş­let­mek su­wuň ar­tyk­maç ula­nyl­ma­gy­na, şeý­le hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ge­re­gin­den ar­tyk sarp edil­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Ýu­wu­jy en­jam­lar üçin ýö­ri­te me­ýil­na­ma düz­mek we şo­ňa gö­rä iş­let­mek su­wy tyg­şyt­la­ma­ga kö­mek eder.
Suw dam­dyr­ýan kra­ny
be­jer­diň!
Do­ly ýa­pyk wag­ty hem suw dam­dyr­ýan kran­la­ry be­jert­mek ar­ka­ly su­wy tyg­şyt­lap bi­ler­si­ňiz. Yzy­gi­der­li suw dam­dyr­ýan kran­lar bir gün­de 15 litr, bir ýyl­da bol­sa 5 500 litr su­wuň ar­tyk­maç ak­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şol se­bäp­den hem kran­la­ry­ňy­zyň ýag­da­ýy­ny bar­lap du­ruň!

Tä­ze en­jam­la­ry ala­ny­ňyz­da
üns­li çe­me­le­şiň!
Ýa­şa­ýan eko­lo­gi­ýa­my­zy go­rap sak­la­mak, şeý­le hem tyg­şyt­ly ýa­şa­mak ýa­ly ýö­rel­ge­le­re eýer­ýän teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry çy­kar­ýan en­jam­la­ryn­da bu ýag­daý­la­ry göz öňün­de tut­ma­ga ça­lyş­ýar­lar. Ýag­ny, is­len­dik ýu­wu­jy se­riş­de­le­ri ýa-da suw en­jam­la­ry­ny ön­dü­ren­le­rin­de ola­ryň suw tyg­şyt­la­ma­ga ni­ýet­le­nen gör­nüş­le­ri­ni çy­kar­ma­gy üns­den dü­şür­me­ýär­ler. Gur­lu­şyk we ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­ny sa­tyn ala­ny­ňyz­da onuň tyg­şyt­ly­lyk ta­ra­py­na üns be­riň!