Fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­niň uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän bäs­le­şi­gi UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň tä­ze 66-njy möw­sü­mi­ne gel­jek hep­dä­niň si­şen­be gü­ni ba­dal­ga ber­ler. Ada­ty­lar­dan bir aý giç baş­la­ýan tä­ze möw­sü­miň to­par­ça­la­ryn­da fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­ne bi­ri-bi­rin­den gy­zyk­ly du­şu­şyk­la­ryň ga­raş­ýan­dy­gy­ny bel­läp geç­mek ýer­lik­li bo­lar. Ola­ryň öza­ra ozal­ky du­şu­şyk­la­ry­na se­re­de­ni­miz­de we­lin, ta­ry­hy du­şu­şyk­la­ryň şa­ýa­dy bol­ýa­rys.

«BAWARIÝA»–«ATLETIKO»
«A» to­par­ça­da soň­ky çem­pi­on «Ba­wa­ri­ýa» bi­len «At­le­ti­konyň» ara­syn­da­ky 2 du­şu­şyk hem hem­mä­niň üns mer­ke­zin­de bo­lar. Iki klub hä­zir­ki gü­ne çen­li 6 ge­zek ga­bat­laş­dy­lar. 1974-nji ýyl­da­ky fi­nal oý­nun­da du­şu­şan iki to­pa­ryň şol oý­ny 1–1, gaý­ta­dan ge­çi­ri­len fi­nal­da bol­sa, «Ba­wa­ri­ýa» 4–0 ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Iki to­par 2016-njy ýyl­da-da 4 ge­zek du­şuş­dy­lar. Il­ki 2015–16 möw­sü­mi­niň ýa­rym fi­na­lyn­da «At­le­ti­ko» öz meý­dan­ça­syn­da 1–0 ut­ýar, jo­gap oý­nun­da-da 2–1 ýe­ňil­se-de fi­na­la çyk­ýar. 2016–17 möw­sü­miň to­par­ça­la­ryn­da­ky du­şu­şyk­lar­da bol­sa, her to­par öz meý­dan­ça­syn­da 1–0 ýe­ňiş ga­zan­ýar. «Ba­wa­ri­ýa» topary «RB Sals­burg» bi­len res­mi du­şu­şyk­da ga­bat­laş­ma­dy. Olar Mosk­wa­nyň «Lo­ko­mo­ti­wi­ni» ozal­ky UEFA Ku­bo­gyn­da myh­man­çy­lyk­da 5–0 utup, öz meý­dan­ça­syn­da 1–0 ýe­ňil­ýär.

«REAL MADRID»—«INTER»
«B» to­par­ça­da­ky iň esa­sy du­şu­şyk «Re­al Mad­rid» bi­len «In­te­riň» ara­syn­da­ky oýun bo­lar. Iki klub UEFA-nyň ýa­ryş­la­ryn­da 8 ge­zek öza­ra du­şu­şyk ge­çir­di­ler. Şo­la­ryň 4-sin­de is­pan­lar, 4-sin­de hem ital­ýan­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. «Re­al» bi­len «Bo­rus­si­ýa M» to­par­la­ry ozal 4 ge­zek ga­bat­laş­dy­lar. Şo­la­ryň ara­syn­da­ky soň­ky 2 oýun ta­ry­hy du­şu­şyk hök­mün­de ha­sa­ba al­nyp­dy. 1985–86 UEFA Ku­bo­gy­nyň 3-nji tap­gy­ryn­da ne­mes klu­by öz meý­dan­ça­syn­da 5–1 ýeň­ýär. Ýö­ne jo­gap oý­nun­da is­pan­lar Wal­da­no we San­til­ýa­nyň her­si­niň 2 go­ly bi­len 4–0 ut­ýar. Şol möw­sü­miň ahy­ryn­da «Re­al» ku­bo­gy eýe­le­ýär. Ola­ryň 1976-njy ýyl­da­ky 2 du­şu­şy­gy bol­sa deň­lik­de gu­tar­ýar (1–1, 2–2). «Re­al» 2015-nji ýyl­da to­par­ça­lar­da «Şaht­ýo­ry» myh­man­çy­lyk­da 4–3, öz meý­dan­ça­syn­da-da 4–0 ut­ýar. «Şaht­ýor» bi­len «In­ter» ge­çen aw­gust aýyn­da Ýew­ro­pa Li­ga­sy­nyň ýa­rym fi­na­lyn­da du­şu­şyp­dy­lar we ital­ýan­lar 5–0 ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. On­dan öň­ki 2 oýun hem 1–1 we 0–2 «In­te­riň» peý­da­sy­na ta­mam­la­nyp­dy. «In­ter» bi­len «Bo­rus­si­ýa M» to­par­la­ry-da 1970-nji ýyl­lar­da 4 ge­zek du­şuş­dy­lar. Ger­ma­ni­ýa­da­ky 2 oýun deň­lik­de ta­mam­la­nyp (0–0, 1–1), Mi­lan­da­ky oýun­lar­da her klub 1 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy.
«C» to­par­ça­da «Por­to­ny» 4–0 we 2–1 ha­sap­lar bi­len ýe­ňen «Man­çes­ter Si­ti» to­pa­ry «Olim­pia­kos» hem-de «Mar­sel» bi­len res­mi du­şu­şyk ge­çir­me­di. «D» to­par­ça­da to­par­la­ryň 4-si hem il­kin­ji ge­zek res­mi ýag­daý­da du­şu­şyk ge­çi­rer­ler.
«E» to­par­ça­da­ky 4 to­par­dan di­ňe «Se­wil­ýa» bi­len «Kras­no­dar» ozal ga­bat­laş­dy. 2018-nji ýyl­da Ýew­ro­pa li­ga­syn­da Is­pa­ni­ýa­da «Se­wil­ýa» 3–0, Rus­si­ýa­da bol­sa «Kras­no­dar» 2–1 ut­dy. To­par­ça­da­ky ga­lan oýun­lar UEFA-nyň ta­ry­hyn­da­ky öza­ra il­kin­ji du­şu­şyk­lar bo­lar.
«F» to­par­ça­da de­ňe­çer­räk klub­lar du­şu­şar. 1995-nji ýyl­da Ýew­ro­pa li­ga­syn­da «La­sio» to­pa­ry «Bo­rus­si­ýa­ny» Rim­de 1–0 ut­sa, Dort­mund­da 2–0 utul­ýar. «Bo­rus­si­ýa» 2014-nji ýyl­da Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň 1/8 fi­na­lyn­da Ze­ni­ti myh­man­çy­lyk­da 4–2 ýe­ňip, öz meý­dan­ça­syn­da on­dan 2–1 ýe­ňil­ýär. Dort­mund­ly­lar «K. Brýug­ge» bi­len ozal­ky 6 du­şu­şy­gyn­da 3, bel­gi­ýa­ly­lar bol­sa 2 ge­zek ýeň­di. Ze­nit bi­len «K. Brýug­ge» 1987-nji ýyl­da UEFA Ku­bo­gyn­da du­şu­şyp, Sankt-Pe­ter­burg­da «Ze­nit» 2–0, Brýus­sel­de ýer eýe­le­ri 5–0 ut­ýar. «Ze­nit» bi­len «La­sio» hem-de «La­sio» bi­len «K. Brýug­ge» il­kin­ji ge­zek du­şu­şar­lar.

«Ýu­wen­tus»—«Bar­se­lo­na»
10-njy ge­zek, ýö­ne…
«G» to­par­ça­da­ky 2 du­şu­şy­gyň ýag­ny «Ýu­wen­tus» bi­len «Bar­se­lo­na­nyň», baş­ga­ça aý­dy­lan­da, Kris­tia­no Ro­nal­do bi­len Lio­nel Mes­si­niň öza­ra du­şu­şy­gy tapgyryň iň esa­sy 2 oý­ny hök­mün­de gö­rül­ýär. Ýö­ne hä­zir­ki ýag­daý­da Ro­nal­do­nyň Tu­rin­dä­ki bol­jak 1-nji oýun­da oý­na­maz­ly­gy müm­kin. 28-nji okt­ýabr­da oý­nal­jak «Ýu­wen­tus»–«Bar­se­lo­na» oý­ny ola­ryň öza­ra 10-njy res­mi du­şu­şy­gy bo­lar. Mun­dan öň­ki 9 oý­nuň 4-si deň­lik­de ta­mam­lan­ýar. 1986-njy ýyldaky hä­zir­ki Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň (ozal­ky Ýew­ro­pa­nyň Çem­pi­on Klub­la­ry­nyň Ku­bo­gy) çär­ýek fi­na­lyn­da «Bar­se­lo­na» öz meý­dan­ça­syn­da 1–0 utup, myh­man­çy­lyk­da 1–1 deň­me-deň oý­na­ýar. 2003-nji ýyl­da­ky çär­ýek fi­nal­da üs­tün çy­kan «Ýu­wen­tus» bol­ýar. Tu­rin­dä­ki oýun 1–1 gu­tar­sa-da, «Kamp Nou­da» goş­ma­ça wagt­da 2–1 ýe­ňen Go­ja Sin­ýo­ra şol möw­süm fi­na­la çy­kyp­dy. 2015-nji ýyl­da­ky fi­nal­da bol­sa, 3–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan ka­ta­lon­lar ku­bo­gy eýe­läp­di. 2 to­par 2017-nji ýyl­da 4 ge­zek du­şuş­dy­lar. 2016–17 möw­sü­mi­niň çär­ýek fi­na­lyn­da «Ýu­wen­tus» 3–0 we 0–0 ha­sap­lar­dan soň, ýa­rym fi­na­la çyk­ýar. 2017–18 möw­sü­mi­niň to­par­ça­la­ryn­da-da şol ha­sap­lar gaý­ta­lan­ýar, ýö­ne «Bar­se­lo­na­nyň» peý­da­sy­na.
«Ýu­wen­tus» to­pa­ry «Di­na­mo­ny» 3 ge­zek ýe­ňip, 1 sa­par hem deň­me-deň oý­na­dy. «Bar­se­lo­na» bi­len «Di­na­mo Ki­ýe­wiň» ara­syn­da ýat­dan çyk­ma­jak du­şu­şyk­lar ha­sa­ba alyn­dy. 1991–92 möw­sü­min­de to­par­ça­da «Bar­se­lo­na» myh­man­çy­lyk­da 2–0, öz meý­dan­ça­syn­da 3–0 ut­ýar. 1993–94 möw­sü­min­de 2-nji tap­gyr­da «Di­na­mo» Ki­ýew­de 3–1 ýeň­se-de, myh­man­çy­lyk­da 4–1 as­gyn gel­ýär. 1997–98 möw­sü­min­de to­par­ça­lar­da Ki­ýew­de «Di­na­mo» 3–1, myh­man­çy­lyk­da-da Şew­çen­ko­nyň het-trik et­me­gin­de 4–0 ýeň­ýär. 2009–10 möw­sü­min­de-de ýe­ne to­par­ça­lar­da «Bar­se­lo­na» 2–0 we 2–1 ha­sap­lar bi­len üs­tün çyk­ýar.
«Di­na­mo Ki­ýew» bi­len «Fe­renç­wa­ro­şyň» ara­syn­da­ky ýat­da ga­lan du­şu­şyk­la­ryň bi­ri-de 1975-nji ýyl­da­ky Ku­bok­çy­la­ryň Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­ly­dyr. Şon­da ki­ýew­li­ler Oni­şen­ko (2) we Blo­hi­niň gol­la­ry bi­len 3–0 ut­ýar. 25 ýyl­dan soň, ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek bu ýa­ry­şa gat­naş­ýan «Fe­renç­wa­roş» to­pa­ry­na «Di­na­mo Ki­ýe­wiň» ozal­ky ýyl­dyz­la­ryn­dan Ser­geý Reb­ro­wyň tä­lim ber­ýän­di­gi hem aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir.
«H» to­par­ça­da-da «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» bi­len soň­ky fi­nal­çy PSŽ-niň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­lar öňe saý­lan­ýar. Olar mun­dan 2 möw­süm ozal du­şu­şyp­dy­lar. Şon­da PSŽ myh­man­çy­lyk­da 2–0 utu­bam öz meý­dan­ça­syn­da 3-1 ýeň­lip­di.