Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň ralli-reýd, “Volkicar-drift”, toparlaýyn “Volkicar” görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň şu ýyl üçin köpçülikleýin sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň çägine degişli bolan “Garagum ýalkymy” atly alaw odunyň ýanyndaky ýerden ýaryşlara badalga berildi. Sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatyna toparlaryň 10-sy gatnaşdy.
Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugry boýunça badalga alan türgenler Garagum sährasynyň içi bilen 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşdylar.
Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezinde awtomobil sportunyň “Volkicar-drift” boýunça toparlaýyn, “Volkicar” hem-de karting görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.
Ilki bilen ýurdumyzyň kartingçileri bellenilen aralyk boýunça ýaryşa goşuldylar. Ýurdumyzda awtomobil sportunyň hemmetaraplaýyn ösdürilýändigini görkezen bu günki ýaryşlaryň netijeleri türkmen türgenleriniň degişli ugurlar boýunça ýokary ussatlyk derejesine ýetendigini äşgär etdi.
Soňra “Volkicar” boýunça toparlaýyn ýaryşlar geçirildi. Bellenilen badalgadan ugran türgenler ýokary tizlikli sport ulaglarynda 1671 metr aralyk boýunça üç tapgyrda ýaryşdylar.
Soňra Volkicar-drift boýunça ýaryşlara badalga berildi. Oňa jemi bäş türgen gatnaşyp, olar ýekelikde öz ussatlyklaryny hem-de sport ulagyna erk etmegiň özboluşly aýratynlyklaryny görkezdiler.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan awtomobil sporty boýunça ýurdumyzyň çempioanaty tamamlanandan soň, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.
Eminleriň çözgüdine laýyklykda, birinji ýere “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň türgenleri Merdan Toýlyýew we Şöhrat Toýlyýew mynasyp boldular. Olar “Nissan Patrol” kysymly ýaryş awtoulagynda bellenilen aralygy 1 sagat 42 minut 07 sekuntda geçmegi başardylar.
Içeri işler ministrliginiň Bezirgen Nyýazowdan we Bäşim Saparowdan ybarat topary “Mini Cooper”awtoulagynda 1 sagat 48 minut 8 sekunt netije görkezip, ikinji orny eýeledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň toparyna wekilçilik edýän Çary Muhyýew we Mekan Populow “Nissan Padfinder” awtomobil ulagynda pellehana 2 sagat 7 minut 3 sekuntda gelip, üçünji orna mynasyp boldular.
Karting boýunça geçirilen ýaryşda IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Merdan Orazmuhammedow bellenilen aralygy 3 minut 33 sekuntda geçip, üçünji baýrakly oruna mynasyp boldy.
IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Kemal Täşliýew bellenen aralygy 3 minut 26 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi.
Bellenilen aralyga 3 minut 21 sekunt wagt sarp eden Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň türgeni Rüstem Begenjow birinji orny eýelemegi başardy.
“Volkicar” boýunça üç tapgyrda geçirilen bäsleşigiň jemleri final ýaryşyň netijeleri boýunça jemlendi.
Şonda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Maksat Daňatarow bellenilen aralygy 4 minut 35 sekuntda geçip, üçünji baýrakly ornuna mynasyp boldy.
IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Gara Garaýew bolsa bu aralygy 4 minut 30 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi.
Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Muhammetmyrat Gurbanow bellenilen aralygy 4 minut 29 sekuntda geçip, birinji orny eýeledi.