19-njy oktýabrda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde göni aragatnaşyk arkaly Halkara pul gaznasynyň «Sebit ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleri: Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa» atly tanyşdyrylyş çäresi boldy.
HPG-niň wekilleriniň belleýşi ýaly, esasy pudaklary ýeterlik serişdeler bilen üpjün etmek hem-de goldaw bermek maksatnamasynyň ugurlaryny dogry kesgitlemek ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýar. Ýakyn geljekde iş orunlaryny saklamak, kompaniýalara we öý hojalyklaryna maliýe goldawyny bermek, üpjünçiligi pes adamlary goramak hem-de ykdysadyýeti dikeltmek üçin hereket etmegiň jikme-jik meýilnamasyny döretmek çärelerini dowam etmegiň zerurdygy nygtaldy.
Şeýle wajyp meseleleri çözmek, makroykdysady durnuklylygy goldamak bilen birlikde, okgunly ösüşi üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi.