“SSC Tuatara” atly ulag köpçülikleýin öndürilen ulaglaryň arasyndaky tizlik rekordyny täzeledi. Tizlik synagynda ulag 508,7 km/sagada ýetdi. Aslynda, “SSC Tuatara” ABŞ-nyň Günorta Newada ştatyndaky synagda 532,9 km/sagat tizlige çenli ýetdi. Emma Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri ulagyň şol bir ýolda gidiş-geliş tizliginiň ortaça görkezijisini hasaba alýar. Şol sebäpli ulagyň tizligi 508,7 km/sagat diýlip hasaba alyndy. Rekord sürüşinde ulagy dolandyran Oliwer Webb ulagy has gaty sürmegiň hem mümkindigini belleýär. Ussat pilot ýeliň ulagyň tizligine peseldendigini aýdýar. Şeýle hem Ginnesiň wekilleri rekord üçin müşderiler üçin elýeterli bolan adaty tigirleriň ulanylmagyny we synag sürüşiniň ýol hereketine açyk bolan ýolda geçirilmegini talap edýär. Mundan ozal “Bugatti Chiron Super Sport 300+” ulagy tizlik synagynda 490,484 km/sagada ýetipdi. Emma ulag şol bir ýolda diňe bir tarapa hereket edendigi üçin bu hasaba alynmady. Onuň ýerine 447 km/sagat tizlik bilen hereket eden “Koenigsegg Agera RS” mundan ozalky rekordyň eýesidi. “SSC Tuatara”-nyň kuwwaty 1750 at güýjüne barabar bolup, ulagyň kapotynyň aşagynda göwrümi 5,9 litr bolan goşa turbo V8 motor oturdylypdyr.