1951 – Italiýaly tälimçi Klaudio Ranieri dünýä inýär.

1961 – Uelsli meşhur futbolçy Iýan Raş dünýä inýär.

1965 – Italiýaly tälimçi Stefano Pioli dünýä inýär.

1968 – Amerikaly ýeňil atletikaçy Dik Fosburi uzynlygyna bökmekde boýunça Meksika Olimpiadasynda 2,24 metr beýiklige böküp, altyn medala mynasyp bolýar. Ol şonda ozal hiç kim tarapyndan ýerine ýetirilmedik täze usul bilen bökýär. Şondan soň, onuň bu usuly “Fosbýuriniň böküşi” ady bilen ýoň bolýar we häzirki wagtda-da şonuň miras galdyran bu usuly bilen türgenler beýiklige bökýär. 

1991 – Braziliýaly F1 sürüjisi Aýrton Senna McLaren topary bilen 2-nji, umumylykda 3-nji dünýä çempionlygyny gazanýar.