Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasynyň “Innova Crysta” ulagy ASEAN NCAP howpsuzlyk testinde iň ýokary baha bolan 5 ýyldyz aldy. Modeliň ýokary baha almagynda ESP tehnologiýasynyň täsiriniň uly bolandygy aýdyldy. Ýapon brendi “Innova Crysta” modelini golaýda Indoneziýada satuwa çykarypdy. Miniwen görnüşli ulag Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynyň awtoulaglaryň howpsuzlygyna baha berýän ASEAN NCAP testinden geçirildi. Hereketlendirijisiniň göwrümi 2 litr bolan  ulag ýapon kompaniýasynyň Indoneziýadaky zawodynda öndürilýär. “Innova Crysta” goşa howa ýassyklary ABS, EBD, öň tarapdaky ýolagçylar üçin howpsuzlyk kemerini duýduryjy we ESP ýaly howpsuzlyk tehnologiýalary bilen üpjün edilipdir. ESP (Electronic Stability Program/Elektron durnuklylyk programnasy) 2021-nji ýyla degişli “Innova Crysta”-laryň ählisinde standart görnüşde oturdylypdyr. “Innova Crysta”-nyň 2016-njy ýylda çykan modeli agzalýan testde dört ýyldyz alypdy. ESP tehnologiýasy ulagyň deňagramlylygyny dürli ýagdaýlarda elektron görnüşde üpjün edýär.