Geçen tomus aýlarynda “Porsche” kompaniýasynyň “Panamera” modeliniň täzelenen görnüşi tanyşdyrylypdy. Indi bolsa modeliň “2021 Panamera Turbo S E-Hybrid” atly gibrid görnüşi taýýar edildi. Ulagyň göwrümi 4.0 litre barabar bolan hereketlendirijisi bar. Benzinli motoryň kuwwaty 571 at güýjüne deň. Elektrik energiýasy bilen işleýän ikinji motoryň kuwwaty 136 at güýjüne barabar bolup, ikisini goşanyňda ulagyň kuwwaty 700 at güýjüne barabar bolýar. Gibrid ulag 0-100 km/sagat tizlige bary-ýogy 3 sekuntda ýetýär. Iň ýokary tizligi 315 km/sagat bolan ulagyň sedan hem-de “Gran Turismo” tipli görnüşleri bolar. Ilkinji nobatda Germaniýada satuwa çykaryljak kuwwatly ulag dekabrda müşderilere ýetiriler.