«No­kia» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan iň soň­ky sel­jer­me­le­re gö­rä, 5G ul­ga­mynyň 2030-njy ýy­la çen­li dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne 8 tril­li­on dol­lar möç­ber­de go­şant goş­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe­di­gi mä­lim edil­di. Dur­mu­şy­my­za kem-kem­den or­naş­ýan ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­ne­tiň bu gör­nü­şi­niň teh­no­lo­gi­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da köp ýurt­da sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. Dün­ýä­dä­ki çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ra ga­ra­maz­dan, iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň 72 gö­te­ri­mi ýa­kyn 5 ýyl­da 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­na has köp möç­ber­de ma­ýa go­ýum goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Gel­jek üç ýyl­da kär­ha­na­la­ry san­ly­laş­dyr­ma­gyň çalt­lan­dyr­ylýandy­gy üçin ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň has-da art­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Kom­pa­ni­ýa­lar üçin 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny or­naş­dyr­mak üçin bir­nä­çe päs­gel­çi­lik­ler hem bar. My­sal üçin, kom­pa­ni­ýa­la­ryň 28 gö­te­ri­mi şä­her mer­kez­le­ri­niň da­şyn­da­ky esa­sy inf­rast­ruk­tu­ra­nyň çäk­li bol­ma­gy­ny päs­gel­çi­lik hök­mün­de gör­ýär­ler. Mu­nuň üçin il­ki bi­len, şä­her ýe­rin­den daş­rak­da­ky se­bit­ler­de hem teh­no­lo­gik inf­rast­ruk­tu­ra­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy üçin ta­gal­la edil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Ogul­ni­ýaz BA­ZA­RO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.