24-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.
Giňişleýin mejlisiň gün tertibine 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň hem-de ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Mundan başga-da, Prezident Maksatnamasyny we beýleki ykdysady hem-de durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Giňişleýin mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow çykyş edip, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýlerini açmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň döwrebap enjamlary satyn almagy hakyndaky” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Wise-premýer dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar.
Bu ýagdaýlary nazara alyp hem-de “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak teklip edilýär.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer hormatly Prezidentimiziň dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ýerli çig maly rejeli ulanmak, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysalydygyny nygtady.
Türkmenistan we Tatarystan ägirt uly senagat kuwwatyna eýedir. Hormatly Prezidentimiz öňde köpsanly taslamalaryň durandygyny belledi. Şolaryň durmuşa geçirilmegi biziň halklarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Bellenilişi ýaly, Tatarystan özüniň serişde – senagat kuwwaty hem-de iki doganlyk halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklary bilen baglylykda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň senagat pudagynyň esasy ulgamlarynyň biri bolan dokma pudagynyň öňünde önümleriň çykarylyşyny artdyrmak, täze, ýokary tehnologiýaly toplumlary kemala getirmek, ýerli çig maly netijeli ulanmagyň esasynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli harytlary öndürýän we gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek, täze iş orunlaryny döretmek baradaky maksatnamalaryň wajypdygyny aýdyp, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hil we ekologiýa babatda ähli ölçeglere doly laýyk gelmelidigini nygtady. Munuň üçin dokma kärhanalary ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bellenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.