Ko­lum­bi­ýa­ly 104 ýaş­ly in­že­ner Lýu­sio Kaý­se­do Man­çes­ter uni­wer­si­te­tin­de dok­tor­lyk dis­ser­ta­si­ýa­sy­ny go­ra­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Lýu­sio 1916-njy ýy­lyň 22-nji ma­ýyn­da Ka­li şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Ol Ko­lum­bi­ýa mil­li uni­wer­si­te­ti­niň dag-mag­dan bö­lü­mi­ni gu­ta­ran­dan soň­ra Ang­li­ýa­nyň Man­çes­ter uni­wer­si­te­ti­ne gi­rip, ma­gistr de­re­je­si­ni al­ýar. Lýu­sio hä­zir Ko­lum­bi­ýa­nyň Me­de­lin şä­he­rin­de ýa­şa­ýar. Ol ýa­kyn­da 104 ýa­şy­nyň dolan­dy­gy­ny bel­läp, dok­tor­lyk de­re­je­si­ni al­ma­gy ýü­re­gi­ne düw­di.
– Men Man­çes­ter uni­wer­si­te­tin­iň we­kil­le­ri­ne 73 ýyl ozal bi­lim alan­dy­gy­my ýat­la­dyp, «dok­tor­lyk de­re­je­si­ni al­mak üçin si­ziň uni­wer­si­te­ti­ňi­ze ýüz tu­tup bi­le­rin­mi?» di­ýip so­ra­nym­da:
– Ha­wa, je­nap, bo­lar – di­ýip, jo­gap ber­di­ler. Kaý­se­do gid­ro­lo­gi­ýa (te­bi­gat­da suw do­la­ny­şy­gy) bi­len meş­gul­lan­ýar. Onuň bu mow­zuk bo­ýun­ça ýa­zan köp san­ly ma­ka­la­la­ry Lon­do­nyň in­že­ner­çi­lik jem­gy­ýe­tin­iň ne­şi­rin­de çap edil­di.
– Bu gu­ra­ma 200 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri iş­läp, dün­ýä­de 85 müň tö­we­re­gi ag­za­sy bar – di­ýip, in­že­ner aýt­dy. Ko­lum­bi­ýa­ly in­že­ner der­ýa aky­my­nyň güý­ji we onuň gid­roe­lekt­rik be­ke­di­niň kuw­wa­ty bi­len gat­na­şy­gy me­se­le­le­ri bo­ýun­ça iş­le­ýär.
– Ha­çan-da bu işe do­ly ber­le­nim­de, der­ýa­nyň iň ýo­ka­ry aky­my­ny nä­dip ulan­ma­ly­dy­gy­ny we elekt­rik be­ke­di­niň kuw­wa­ty­ny nä­dip art­dyr­ma­ly­dy­gy­ny anyk­la­dym – di­ýip, Lýu­sio aýt­dy. Bu me­se­le, Kaý­se­do­nyň go­ra­jak dok­tor­lyk dis­ser­ta­si­ýa­sy­nyň öze­ni­ni dü­zer.