Ka­gy­zy ep­le­mek ar­ka­ly ýa­sal­ýan şe­kil­le­re ori­ga­mi di­ýil­ýär. Uçar ýa-da gä­mi ýa­sa­mak aň­sat hem bol­sa, ka­gyz­dan has çyl­şy­rym­ly şe­kil­le­ri hem ýa­sap bol­ýar. XVII asyr­da Ýa­po­ni­ýa­da peý­da bo­lan ori­ga­mi soň­ky ýyl­lar­da sun­gat de­re­je­si­ne ýet­ýär. Ýa­pon di­lin­de ka­gyz diý­me­gi aň­lad­ýan bu söz beý­le­ki dil­le­re adal­ga hök­mün­de geç­di. Ori­ga­mi­de, esa­san, bir bö­lek ka­gyz­dan di­ňe ep­le­mek ar­ka­ly has çyl­şy­rym­ly şe­kil­le­riň ýa­sal­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär. Em­ma mu­ňa ga­ra­maz­dan, ka­gyz­la­ry ýel­me­mek, kes­mek ar­ka­ly has uly we üýt­ge­şik şe­kil­ler hem dö­re­dil­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­laryň ne­ti­je­sin­de, ki­çi ýaş­dan baş­lap bu usu­ly öw­ren­me­giň peý­da­sy­nyň ulu­dy­gy anyk­lan­dy. Esa­san hem, ori­ga­mi bi­len meş­gul­lan­mak ün­sü­ňi jem­le­me­gi öw­ren­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Se­bä­bi, ori­ga­mi gaý­ta­lan­ýan za­dyň yzy­gi­der­li­li­gi­ni unut­maz­ly­gy ta­lap ed­ýär. Şeý­le hem ori­ga­mi geo­met­rik şe­kil­le­ri hem öw­ren­mä­ge go­şant goş­ýar. Se­bä­bi, ep­le­nen ka­gyz­lar­dan dür­li şe­kil­ler eme­le gel­ýär. Üç­burç­luk, dört­burç­luk, ko­nus ýa­ly adal­ga­la­ry we ola­ryň ma­ny­la­ry­ny ha­ky­kat ýü­zün­de gör­mä­ge müm­kin­çi­li­giň dö­re­me­gi ça­ga­da geo­met­ri­ýa sa­pa­gy­na gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­ýar. Ori­ga­mi­de ka­gyz­la­ry bel­li yzy­gi­der­li­lik­de we dürs ep­le­mek hök­man­dyr. Bu ýag­daý ça­ga­nyň el he­re­ket­le­ri­niň kä­mil­leş­me­gi­ne oňyn tä­sir ed­ýär.
Müň­ler­çe şe­kil ýa­sal­ýan hem bol­sa, ganat kakýan leg­lek iň köp ýa­sal­ýan ori­ga­mi ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi, bu jan­dar ýa­pon me­de­ni­ýe­tin­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň sim­wo­ly ha­sap­lan­ýar.

Ge­liň, ka­gyz­dan ganat kakýan guşuň şe­ki­li­ni ýa­sa­ma­gy öw­re­ne­liň!

1. Il­ki bi­len dört ta­ra­py deň bo­lan ka­gyz al­ma­ly. Şe­kil­de gör­ke­zi­li­şi ýa­ly ka­gy­zy or­ta­dan ep­läň we epi­ni ýa­zyň, soň­ra beý­le­ki ta­ra­py­ny hem ep­läp açyň! Soň­ra iki bur­çun­dan hem edil şo­lar ýa­ly ep­läň we epin­le­ri­ni açyň!
2. Ka­gy­zy dia­go­nal şe­kil­li (bir bur­çy ýo­ka­ryk) bo­lar ýa­ly öwrü­ň, ýo­kar­ky bur­çu­ny aşak­ly­gy­na ge­ti­rip, çep we sag burç­la­ry aşak­ly­gy­na epiň! Şeý­le­lik­de, ka­gyz­dan dört­burç­luk eme­le gel­ýär.
3. Dört ep­le­nen ka­gy­zyň açyk ta­ra­py­ny aşak öwrüň! Sag, çep we ýo­kar­ky ga­na­ty­ny or­ta ta­rap ep­läň!
4. Sag, çep we ýo­kar­ky ga­nat­la­ry açyň! Iki ta­ra­py­nyň hem aşa­ky bur­çu­ny ýo­ka­ry gal­dy­ryň!
5. Aşa­ky çep we sag burç­la­ry or­ta ta­rap ep­läň!
6. Aşa­ky sag ta­ra­py­ny ep­läp gu­şuň kel­le­si­ni, çep ta­ra­py­ny ep­läp, guý­ru­gy­ny eme­le ge­ti­riň!
7. Ýo­kar­syn­da­ky ga­nat­la­ry­ny emaý bi­len aç­sa­ňyz ga­nat kak­ýan gu­şuň şe­ki­li eme­le ge­ler.