«Artyk» hem-de «Sarahs » gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek işleri başlandy

44

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy serhetýaka gümrük nokatlarynyň ulag geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak we gümrük hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek boýunça işleri tapgyrlaýyn esasda alyp barýar. Bu işleriň nobatdaky tapgyrynda, türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän «Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işlerine başlady.
Gurluşyk işleri «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy tarapyndan 2025-2026-nji ýyllar aralygynda ýerine ýetiriler. Gurluşyk işleriniň barşynda gümrük nokadynyň çäginde öňki hereket edýän binalaryň durkuny düýpli täzelemek bilen bir hatarda, esasan sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmak hem-de gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Bu işleriň netijesinde bolsa, halkara ýük daşamalaryna amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň gümrük nokatlaryň çäklerinde gümrük gözegçiligi üçin sarp edilýän wagtynyň has-da azalmagy we üstaşyr geçirilýän ýükleriň bolsa artmagy üçin şertler döreder. Şeýlelik-de bolsa, gümrük nokatlaryň ulag geçirijilik kuwwaty has-da ýokarlandyrlar.
Türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän «Artyk» hem-de «Sarahs awtoýollary» gümrük nokatlary ýurdumyzyň daşary söwdasynyň haryt dolanşygynda hem-de üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde ähmiýeti uly gümrük nokatlary bolup durýar.
Çeşme: customs.gov.tm