24-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Maslahatda “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” kararyň taslamasyna garaldy. Şol taslamalar milli parlamentiň ähli komitetlerinde, şeýle hem aýry-aýry pudaklarda – ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň maslahatynyň öň ýanynda, ýagny 23-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasy babatda birnäçe anyk maslahatlary berdi.
Jemi içerki önümiň ösüş depginini deňeşdirilýän görkezijilerde 6,2 göterim derejede emele getirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlylygy ýörelgesini saklamak bilen, geljek ýylda Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70 göteriminden gowrak möçberini durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirmegi tabşyrdy.
Bu serişdeleriň 28,5 göterimi bilimi, 10 göterimi saglygy goraýşy we 24,8 göterimi durmuş üpjünçilik ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidir.
Şeýlelikde, Mejlisiň şu gezek geçirilýän maslahatynyň garamagyna hödürlenen esasy maliýe-hukuk resminamasy ykdysady strategiýadan ugur alnyp taýýarlanyldy hem-de giň gerimli döwlet maksatnamalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda berkidilen wezipeleri amala aşyrmagyň esasy guraly bolup durýar.
Maslahatyň barşynda parlamentariler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda gazanylan üstünlikler, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmegiň esasy çemeleşmeleri we ýörelgeleri, onuň girdeji bölegini düzmegiň aýratynlyklaryny we beýlekileri ara alyp maslahatlaşdylar.
Milli Liderimiziň maslahatlaryna laýyklykda, 2021-nji ýyl Döwlet býujetiniň taslamasynda pul serişdeleriniň 70 göterimden gowragy durmuş ulgamyny ösdürmäge, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, döwlet durmuş üpjünçilik ulgamlaryny, ýaşaýyş-jemagat hojalygyny, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdiriler.
Geljek ýyl maýa goýumlarynyň belli bir möçberini ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, möçberi on göterim ýokarlandyryljak aýlyk iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalary bolup durýar.