Italiýanyň “Alfa Romeo” kompaniýasy 1950-nji ýyllarda öndürilen “1953 BAT 5”, “1954 BAT 7” we “1955 BAT 9d” atly ulaglaryny 28-nji oktýabrda satuwa çykarar. “Contemporary Art Evening” atly çäräniň çäklerinde satyljak ulaglaryň bahasynyň 20 million dollardan ýokary bolmagyna garaşylýar. Awtoulag kompaniýalary önümçilik üçin niýetlenmedik, öz ösen tehnologiýasyny görkezmek maksady bilen nusgalyk ulaglary öndürýär. “Alfa Romeo”-nyň 1950-nji ýyllarda öndüren “Berlina Aerodinamica Tecnica” atly nusgalyk awtomobilleri öz wagtynda uly gyzyklanma döredipdi. 1953-1955-nji ýyllar aralygynda “Bertone” dizaýn studiýasynda taýýarlanan bu ulaglarda, esasan, aerodinamika üns berlipdi. Şeýlelikde, howanyň sürtülme güýjüni maksimum derejede azaldýan, örän owadan ulaglar işlenip taýýarlandy.
“1953 BAT 5” ulagynyň kuwwaty 43 at güýjüne barabardygyna garamazdan, sagatda 200 kilometr tizlik bilen hereket edýär. 1954-nji ýylda öndürilen “BAT 7” bolsa, aerodinamika babatda häzirki wagtdaky “Tesla Model S”-den hem ýokarydyr. 1989-njy ýylda bu üç ulagyň bir sergä getirilendigini görüp, olary eýelerinden satyn alýar.