“Digital 2020 October Global Statshot” dünýäniň iň köp girilýän internet saýtlarynyň sanawy taýýarlady. Sanawyň başyny “Google”  çekýär. Maglumatda ulanyjylaryň internet saýtlaryny dürli maksatlar bilen ulanýandygy hem ýüze çykaryldy. “SEMrush” atly onlaýn marketing şereketi sentýabr-oktýabr aýyndaky maglumatlary toplapdyr. Taýýarlanan maglumatda ulanyjylaryň wagtynyň 15 göterimini jemgyýetçilik torlarynda geçirýändigini görkezdi. Sanawda “Google”-yň bolmagy ýöne ýerden däl.  Köp adam islendik maglumaty almak ýa-da haýsydyr bir saýty tapmak üçin ilki bu saýty açýar. Sanawda “Amazon” dünýäniň iň köp girilýän onlaýn platformasy bolupdyr. Öňki ýaly meşhur bolmasa hem, “Yahoo” sanawda ýedinji orny eýeleýär. Sanawyň öňdäki orunlarynda “Instagram” (6-njy) we “Twitter” (11-nji) saýtlary hem bar.