ABŞ-nyň aerokosmos edarasy NASA Aýda suw tapylandygyny habar berdi. Az mukdardaky suwuň “Stratospheric Observatory for Infrared Astronomy” taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylan gözlegiň netijesinde Aýyň ýagty tarapyndan tapylandygy mälim edildi. NASA-nyň Astrofizika bölüminiň direktory Pol Hertz: “Aýyň ýagty tarapynda H2O, ýagny adaty suwuň alamatlaryny tapdyk. Indi ol ýerde suwuň bardygyny bilýäris” diýdi. Ylmy barlag barada taýýarlanan maglumatyň awtory Kasi Honniball Aýyň galyň atmosferasynyň ýokdugyna ünsi çekip, ýeriň hemrasynyň ýagty tarapyndaky suwuň atmosfera garyşmalydygyny, emma muňa garamazdan, ol ýerde suwuň bardygyny görýändiklerini aýdýar. Tapylan suwuň 340 gramdygy çaklanylýar.
Astronomlar köp wagtdan bäri asman jisimlerinde suwuň alamatlaryny gözleýärler.