«Google» kompaniýasy 2025-nji ýyla çenli ähli harytlarynda ulanylýan plastika mukdarynyň azyndan 50 göterimini gaýtadan işlenilen plastikadan üpjün eder. Kompaniýa ähli harytlarynyň gaplarynda plastikany dolulygyna aradan aýyrmagy hem maksat edinýär. Bu barada «Google»-yň 26-njy oktýabrda ýaýradan metbugat beýannamasynda aýdylýar.
«Google» geçen ýylyň awgust aýynda mälim eden maksatnamasynyň çäklerinde 2022-nji ýyla çenli ähli harytlarynda gaýtadan işlenilen materiallary ulanjakdygyny aýan edipdi. Täze beýannamada bu maksatnamanyň wagtyndan öň ýerine ýetirlendigi aýdylýar. Muňa mysal hökmünde, sentýabr aýynda tanyşdyrylan «Pixel 5» smartfony we «Nest Audio» ses enjamy görkezilýär. «Pixel 5»-iň arka gapagy 100 göterim gaýtadan işlenilen alýuminden ýasalypdyr; gaýtadan işlenilen alýumini ulanmak önümçilikde howa goýberilýän uglerodyň mukdaryny 35 göterim azaldýar diýlip beýanatda aýdylýar. «Nest Audio» ses enjamynda 70 göterim gaýtadan işlenilen plastika ulanylypdyr.
Eýýäm 2016-njy ýyldan başlap, harytlary gaplamakda ulanylýan plastikanyň mukdaryny azaltmaga başlan «Google» 2025-nji ýyla çenli 100 göterim gaýtadan işlenilmäge ukyply, plastikadan azat gaplary ulanmaga başlar. Kompaniýa 2022-nji ýyla çenli önümçilik zynjyrynda ýüze çykýan zibilleriň agramly bölegini gaýtadan işlemegi hem göz öňünde tutýar.