28-29-njy okt­ýabr­da Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy – 2020» at­ly XXV Hal­ka­ra mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Hor­mat­ly Prezidentimiziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça bu mas­la­ha­tyň gu­ra­ma­çy­la­ry bo­lup «Türk­men­gaz» we «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­sern­le­ri çy­kyş ed­ýär­ler. Ata Wa­ta­ny­my­zyň ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­nyň bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da ge­çi­ril­ýän ener­ge­ti­ka ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga we ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len bu iri ýö­ri­te­leş­di­ri­len fo­rum il­kin­ji ge­zek di­ňe bir däp bo­lan çäk­ler­de ge­çi­ril­män, eý­sem, Aş­ga­bat­dan on­lar­ça ýurt­la­ra on­laýn gör­nüş­de ýaý­ra­dyl­ýar.
Şu ge­zek­ki mas­la­hat­da 30-dan gow­rak döw­let­den iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň 100-den gow­ra­gy ha­sa­ba alyn­dy. Bu bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­ler to­par­la­ry üçin ma­ýa go­ýum ba­ba­tyn­da­ky özü­ne çe­ki­ji­li­gin­den ha­bar ber­ýär.

Oňa hö­kü­met dü­züm­le­ri­niň, de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, dün­ýä­niň iri ne­bit­gaz, hyz­mat ediş we mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de ma­li­ýe dü­züm­le­ri­niň, dip­lo­ma­tik we yl­my to­par­la­ryň, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, şol san­da wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly gat­naş­ýar­lar.
28-nji okt­ýabr­da «OGT-2020» fo­ru­my­nyň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy. Ýyg­na­nan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren Gut­la­gy­ny uly üns bi­len diň­le­di­ler.
Umu­my mej­lis Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­na ba­gyş­la­nyl­dy. Ýur­du­my­zyň baky Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si bu dip­lo­ma­ti­ýa­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan se­bi­tiň iri ener­ge­ti­ka döw­le­ti­ne öw­rül­mek ba­ba­tyn­da uly ýol geç­di. Ne­bit­gaz top­lu­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len we ama­la aşy­ryl­ýan iri tas­la­ma­lar, şol san­da Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­nyň gur­lu­şy­gy mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Bu iri dün­ýä döw­let­le­ri we ab­raý­ly hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýar.
Hä­zir tä­ze ener­ge­ti­ka ma­gist­ra­ly­nyň 214 ki­lo­metr­lik türk­men bö­le­gin­de iş­ler ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Onuň kuw­wat­ly­ly­gy ýyl­da 33 mil­liard kub­metr gaz ge­çir­mä­ge ba­ra­bar bo­lup, umu­my uzyn­ly­gy 1 müň 840 ki­lo­met­re deň­dir.
Ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň iri ener­ge­ti­ki döw­let­le­ri­niň bi­ri hök­mün­dä­ki de­re­je­si te­bi­gy ga­zyň gor­la­ry­na ber­len ba­ha bi­len tas­syk­la­nyl­dy. Ägirt uly «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­niň we beý­le­ki bir­nä­çe iri kän­le­riň açyl­ma­gy bi­len Türk­me­nis­tan «ma­wy ýan­gy­jyň» tas­syk­la­nan gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­de dör­dün­ji or­ny ynam­ly eýe­läp, Azi­ýa­nyň gaz ba­za­ry­nyň iri ag­za­sy­na öw­rül­di.
Bu gaz ýa­ta­gy­nyň se­na­gat taý­dan öz­leş­di­ril­me­gi­ne gi­ri­şil­me­gi gaz pu­da­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan iň iri möç­ber­li tas­la­ma­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Bu gün şu ýer­de önüm­çi­lik kuw­wa­ty ýyl­da 30 mil­liard kub metr ha­ryt­lyk ga­za ba­ra­bar bo­lan za­wod­la­ryň üçü­si işe gi­ri­zil­di. «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär.
Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy bu gün türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň iň iri aly­jy­sy bo­lup dur­ýar. 2009-njy ýy­lyň de­kab­ryn­da ula­nyl­ma­ga ber­len Türk­me­nis­tan-Öz­be­gis­tan-Ga­za­gys­tan-Hy­taý gaz ge­çi­ri­ji­si­niň üç ug­ry (A, В we С) bo­ýun­ça ýyl­da 40 mil­liard kub met­re go­laý gaz ibe­ril­ýär. Gel­jek­de türk­men te­bi­gy ga­zy­nyň HHR-e ibe­ril­ýän muk­da­ry ýyl­da 65 mil­liard kub met­re çen­li art­dy­ry­lar.
Mun­dan baş­ga-da, Or­ta Azi­ýa-Mer­kez tur­ba ge­çi­ri­ji­si bo­ýun­ça Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na gaz ibe­ril­ýär, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ýan­gy­jy gü­nor­ta ug­ry bo­ýun­ça eks­port et­mek üçin teh­ni­ki şert­ler we se­riş­de bin­ýa­dy bar.
BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky He­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Ýe­le­na Pa­no­wa­nyň, Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Ur­ban Rus­na­gyň we beý­le­ki fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň çy­kyş­la­ryn­da glo­bal yk­dy­sa­dy­ýe­tiň or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň dün­ýä ener­ge­ti­ka­sy­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­na gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dy­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­di.
Fo­ru­myň işi mej­lis­ler ar­ka­ly do­wam et­di. Şo­la­ryň do­wa­myn­da ener­ge­ti­ka ba­zar­la­ry­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy hem-de ösü­şi­niň äh­lu­mu­my ugur­la­ry, COVID-19 pan­de­mi­ýa­syn­dan soň, ener­ge­ti­ka dün­ýä­sin­de te­bi­gy ga­zyň eýe­le­ýän or­ny sel­je­ril­di.
29-njy okt­ýabr­da «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy – 2020» at­ly Hal­ka­ra mas­la­ha­ty öz işi­ni do­wam et­di. Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gi­ne ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek, gaz we ne­bit­hi­mi­ýa pu­dak­la­ry­nyň tä­ze ma­ýa go­ýum müm­kin­çi­lik­le­ri hem-de beý­le­ki me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Fo­ru­myň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň dü­züm ýol­baş­çy­la­ry­nyň öz hyz­mat­daş­la­ry bi­len bu pu­dak­da­ky öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň baş ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin on­laýn du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­di.