28-nji oktýabrda paýtagtymyzda S. Türkmenbaşy we A. Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy.
Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe
bolmagynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ir­den döw­let Baş­tu­ta­ny­myz paý­tag­ty­my­zyň ýol-ulag dü­zü­mi­niň tä­ze des­ga­lar top­lu­my­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri­ne gel­di.
Bu ýe­re Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar.
Hem­me­ler mil­li Li­de­ri­mi­zi ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­ýar­lar. Sun­gat iş­gär­le­ri we dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry aý­dym-saz, tans­ly çy­kyş­la­ry uly joş­gun bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­rip, öz us­sat­lyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ryň el çar­pyş­ma­gy bi­len toý ba­gy­ny ke­sip, dü­züm­le­ýin des­ga­lar top­lu­my­ny aç­ýar. Şol pur­sat­da as­ma­na dür­li reňk­li ho­wa şar­la­ry uçu­ryl­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz aw­tou­la­gy­na mü­nüp, ulan­ma­ga ber­len ton­nel­den geç­di, soň­ra mer­ke­zin­de «Ma­ha­bat» bi­na­sy otur­dy­lan aý­law­ly çat­ryk­dan aý­la­nyp, paý­tag­ty­my­zyň uly ýol­la­ry­nyň iki­si­niň tä­ze­le­nen ug­ry bo­ýun­ça he­re­ke­tiň açyl­ma­gy­na ba­dal­ga ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň de­giş­li Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýe­ras­ty aw­to­mo­bil we py­ýa­da ge­çel­ge­li top­lu­myň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak, şol san­da ýa­na­şyk ýer­le­ri aba­dan­laş­dyr­mak hem-de el­ti­ji in­že­ner­çi­lik kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry­ny çek­mek türk­men te­le­ke­çi­le­ri­ne yna­nyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ak mer­mer­li paý­tag­ty­my­zyň bi­na­gär­lik keş­bi­ne saz­la­şyk­ly go­şu­lan ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa dü­zü­mi­niň des­ga­lar top­lu­my­ny göz­den ge­çi­rip, ulan­ma­ga ber­len aw­tou­lag ton­ne­li bo­ýun­ça ge­çip bar­ýan gel­na­ly­jy­ny syn­la­ýar.
Onuň yzy­sü­re ton­nel bo­ýun­ça ça­ga­la­ry alyp bar­ýan aw­to­bus­lar geç­di. Tä­ze ýo­luň aşa­gyn­dan çe­ki­len ge­çel­ge bo­ýun­ça il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da geç­mek olar­da uly ka­na­gat­lan­ma duý­gu­sy­ny dö­ret­di. Aw­to­bus­la­ryň yzy­sü­re bu ýer­den aw­tou­lag­la­ryň aky­my ýo­la düş­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz py­ýa­da S. Türk­men­ba­şy şa­ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen, Aş­ga­ba­dyň myh­man­ha­na­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­ti­ren tä­ze «Di­wan» myh­man­ha­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar mil­li Li­de­ri­mi­zi mä­hir­li gar­şy­la­ýar­lar. Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry dür­li öwüş­gin­li aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra gut­lag sö­zi bi­len ýüz­le­nip, uly baý­ram­çy­ly­gyň – Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy­nyň şan­ly to­ýu­nyň ýa­kyn­laş­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýyl «Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» diý­lip yg­lan edil­di.
«Di­wan» ady­na eýe bo­lan tä­ze myh­man­ha­na Di­ýa­ry­my­zyň esa­sy hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri – dün­ýä bel­li «Rö­ne­sans» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bi­na edil­di di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy. Bu ýer­de be­lent de­re­je­li myh­man­la­ry ka­bul et­mek, ola­ryň oňat dynç al­ma­gy, dür­li çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di. Myh­man­ha­na­da ýa­şa­ýyş otag­la­ry bi­len bir ha­tar­da, mas­la­hat zal­la­ry, res­to­ran­lar, dü­kan­lar hem-de ho­wuz­lar göz öňün­de tu­tul­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze myh­man­ha­na­nyň hem dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan gö­zel paý­tag­ty­my­za gel­ýän myh­man­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­de hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Biz gel­jek­de hem amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry edip, «açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­my­zy üs­tün­lik­li do­wam ede­ris di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň el çar­pyş­ma­gy bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow toý ba­gy­ny kes­ýär we şol pur­sat as­ma­na dür­li reňk­li şar­lar uçu­ryl­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz myh­man­ha­na top­lu­my­nyň içi­ne gi­rip, onuň gur­lu­şy bi­len tan­şyp baş­la­ýar. Myh­man­ha­na bi­len ta­nyş­ly­gyň bar­şyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz lýuks we stan­dart de­re­je­li otag­la­ry syn­lap, şo­la­ryň iç­ki be­ze­li­şi­ne we üp­jün­çi­li­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz myh­man­ha­na­nyň ban­ket za­ly­ny we res­to­ra­ny­ny syn­lap, bu ýe­re gel­ýän­le­riň oňat dynç al­ma­gy hem-de da­ba­ra­ly çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin dö­re­di­len şert­le­re ün­si çe­kip, myh­man­la­ra me­de­ni­ýet­li we bir­kem­siz hyz­mat­la­ryň üp­jün edil­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di.
Şeý­le hem myh­man­ha­na­da sag­lyk ota­gy göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Bu ýer­de myh­man­la­ra hyz­mat et­mek, ze­rur bo­lan ýag­da­ýyn­da ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin şert­ler dö­re­dil­di. Mun­dan baş­ga-da, myh­man­ha­na top­lu­myn­da fit­nes za­ly, gö­zel­lik sa­lo­ny we spa-ota­gy gu­rul­dy. Şeý­le hem bi­na­da de­giş­li­lik­de 20 we 40 orun­lyk bo­lan mas­la­hat­lar zal­la­ry­nyň iki­si bar, in­ter­net za­ly, beý­le­ki de­giş­li otag­lar göz öňün­de tu­tul­dy.
Iş­jeň dynç al­ma­gy we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy ha­la­ýan myh­man­lar üçin top­lu­myň çä­gin­de ten­nis kor­ty, kö­pu­gur­ly sport meý­dan­ça­sy, fut­bol sta­dio­ny, ýü­zül­ýän açyk we ýa­pyk ho­wuz­lar bar. Sow­gat­lyk ha­ryt­la­ry dü­kan­la­ryn­da bol­sa, dür­li ha­ryt­la­ry hem-de ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň önüm­le­ri­ni sa­tyn al­mak bol­ýar. Şeý­le hem top­lum­da ýa­pyk we açyk aw­to­du­ral­ga­lar göz öňün­de tu­tul­dy.
Şeý­le hem bu ýer­de, myh­man­ha­na­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «Rö­ne­sans Hol­ding» türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­gy ka­bul et­di.
Işe­wür paý­tag­ty­myz­da­ky «Di­wan» myh­man­ha­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­ýan­dy­gy hem-de wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin mil­li Li­de­ri­mi­ze çuň­ňur ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bil­di­ril­ýän ynam üçin tüýs ýü­rek­den buý­san­ýan­dy­gy­ny hem-de uzak­möh­let­le­ýin esas­da ýur­du­myz bi­len ýo­la goý­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň do­wam et­di­ril­me­gi­ne uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
«Rö­ne­sans Hol­ding» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ýe­tip gel­ýän şan­ly se­ne – Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­lap, äh­li türk­men hal­ky­na aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw et­di. Döw­let Baştutanymyz şu gün­ki wa­ka­lar my­na­sy­bet­li Hor­mat­ly myh­man­lar üçin ki­tap­da ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dyr­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de ka­şaň myh­man­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşy­ran Tür­ki­ýä­niň «Rö­ne­sans Hol­ding» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­ga ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di we oňa özü­niň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly yl­my işi­niň on ikin­ji jil­di­ni sow­gat ber­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar bi­len hoş­la­şyp, bu ýer­den «Oguz­han» köşk­ler top­lu­my­na ta­rap ug­ra­dy.