Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýasy­nyň 68/239 ka­ra­ry esa­syn­da 31-nji okt­ýabr şä­her­le­riň bü­tin­dün­ýä gü­ni hök­mün­de bel­le­nil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ila­ty­nyň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy şä­her­ler­de ýa­şa­ýar. 2050-nji ýy­la çen­li bu gör­ke­zi­ji 68 göterime çen­li ýo­kar­la­nar. BMG-ä ag­za ýurt­la­r şä­her­le­riň ös­dü­ril­me­gi­ne de­giş­li tä­ze mak­sat­na­ma­ny ka­bul et­di. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ýa­şa­ýyş jaý, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, inf­rast­ruk­tu­ra, esa­sy hyz­mat­lar, azyk howp­suz­ly­gy, sag­lyk, bi­lim ýa­ly ugur­lar­da öz­bo­luş­ly ösüş ga­zan­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da köp san­ly ada­myň bir ýer­de jem­len­me­gi­niň ar­tyk­maç­lyk­la­ryn­dan do­ly peý­da­lan­mak üçin şä­her­leş­me­gi öz­ge­riş­le­riň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­jüne öwür­mek ze­rur bo­lup dur­ýar. Şä­her ösüş stra­te­gi­ýa­la­ry­ny dog­ry me­ýil­leş­dir­mek, tas­la­mak we do­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Dur­nuk­ly ösüş üçin 2030-njy ýyl üçin gün ter­ti­bin­de hem şä­her­le­ri ös­dür­mek, olar­da el­ýe­ter­li şert­le­ri dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şä­he­ri ös­dür­me­giň tä­ze me­ýil­na­ma­sy gel­jek iki on­ýyl­ly­gyň do­wa­myn­da şä­her­leş­me me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge iter­gi be­rer. Mun­dan baş­ga-da, bu şert­na­ma 2015-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da BMG-niň 193 döw­le­ti ta­ra­pyn­dan 2030-njy ýy­lyň Dur­nuk­ly ösüş me­ýil­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi bi­len baş­la­nan baş­lan­gyç­dyr.

Ata ÝA­ZY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.