Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirdi hasaplanýan «Microsoft» kompaniýasy şu ýylyň iýul-sentýabr aralygyny öz içine alýan üç aýlyk döwürde arassa peýdasyny we girdejisini artdyrandygyny habar berdi. Programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan kompaniýa bu aýlary 2021-nji maliýe ýylynyň birinji çärýegi hasaplaýar. Degişli döwürde kompaniýanyň arassa peýdasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30 göterim artyp, 13,9 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkezijiniň 10,7 milliard dollar bolandygy habar berildi. Agzalýan döwürde kompaniýanyň girdejisi 33,1 milliard dollardan 37,2 milliard dollara ýetip, bu ugurda 12 göterim ösüş gazanylypdyr. Iri kompaniýalar gymmatly kagyzlaryny biržalar arkaly paýdarlara hödürleýärler. «Microsoft»-yň paýnamalarynyň her biri bir ýylyň dowamynda 1,38 dollardan 1,82 dollara ýetipdir.
Degişli döwürde «Apple» kompaniýasynyň girdejisi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 1 göterim artyp, 64,7 milliard dollara ýetipdir. Kompaniýanyň arassa girdejisi bolsa, 12,7 milliard dollar bolupdyr. Elektron söwda bilen meşgullanýan “Amazon” girdejisi 37 göterim artyp, 96,1 milliard dollara ýetipdir.
Tekemyrat Amanow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.